Limon suwunyň peýdasy

24 Aprel 2024
869

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, limon suwy adamyň göreşijilik ukybyny güýçlendirýär we keýpini göterýär. Çünki, limonyň düzüminde adamyň göreşijilik ukybyny berkitmäge mümkinçilik berýän «C» witamini bar. Şeýle hem limon suwy dürli ýokançlyklara, bokurdak agyrylaryna garşy göreşmäge hem kömek edýär. Umuman, limon suwy bedeni arassalaýar, içegäniň işine agramyň azalmagyna ýardam edýär.

Her gün irden ajöze limonly suw içmek maslahat berilýär. Bir bulgur ýyly suwa ýarty limonyň suwuny sykyp içseň, özüňi örän sagdyn duýarsyň. Sebäbi, limonly suw alyş-çalyş hadysasyny we iýmit siňdiriş ulgamynyň işini gowulandyrýar. Ol adama berhiz tutmakda hem ýaramlydyr.