Ertirlik edinmegiň saglyga peýdasy

21 Fewral 2024
1145

Dünýä alymlarynyň bellemegine görä, ertirlik tagamyndan ýüz öwürmek bedeniň immunitetiniň gowşamagynyň, ýokanç we ýokanç däl keselleriň, şeýle-de ýürek-damar keselleriniň, semizligiň döremeginiň esasy sebäpleriniň biridir. ABŞ-nyň lukmanlary her günde yzygiderli ertirlik edinýän adamlaryň arasynda semizligiň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň örän pesdigini subut etdiler. Ertirlik edinýän adamlaryň bedeninde metabolizm hadysasy 3-4 göterim ýokary, edinmeýänleriň bedeninde bolsa, tersine, 5-6 göterim haýal geçýär.

Ertirlikde kabul edilen dogry tagamlar dartgynlylyk gormony bolan kortizolyň hem derejesini peseldýär. Munuň bilen bolsa semizligiň, süýjüli diabetiň, ýürek işemiýa keselleriniň döremek howpy azalýar.

Maýa DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iýmit gigiýenasy kafedrasynyň müdiri.