Witamin ýetmezçiligi

21 Fewral 2024
1210

Bedende haýsydyr bir witaminiň az bolmagyna «gipowitaminoz» diýilýär. Adam bedenine witaminler iki görnüşde kabul edilýär: iýýän iýmitimiz we witaminleriň taýýar görnüşiniň üsti bilen. Sagdyn, kadaly iýmitlenmek adamyň ilkinji aladalarynyň biri bolmaly. Kadaly iýmitlenmek üçin taýýarlanýan naharlar tagamly we ýokumly bolmaly. Şeýle-de naharyň ýany bilen dürli işdäaçarlary, miweleri we gök-bakja önümlerini, dürli gök otlary ulanmak maslahat berilýär. Miwe, bakja önümlerinde we ter, gök otlarda beden üçin zerur bolan witaminler, minerallar, makro we mikroelementler bar. Kadaly iýmitlenilen ýagdaýynda, bedeniň keselden goraýjylyk ukyby ýokarlanýar. Adam kadaly iýmitlenmedik ýagdaýynda, bedende witamin ýetmezçiligi ýüze çykýar. Bedende witaminleriň ýetmezçiligi sebäpli, dürli näsazlyklar ýüze çykyp, adamyň keselden goraýjylyk ulgamy peselýär. Bedende A witamin az bolanda, şowakörlüge (garaňky düşensoň, görüjilik kütelýär), deriniň gurak bolmagyna, içki mäzleriň işleriniň bozulmagyna we ýokanç kesellerden goraýjylyk ukybynyň peselmegine getirýär. Balyk ýagy, bagyr, gaýmak, çig gaýmak, süýt, mesge, ýumurtganyň sarysy, şeýle-de käşir, erik, ýaş sogan ýaly önümler A witaminine baýdyr.

A witamin görejiň ýitileşmegine, deriniň owadan, ýylmanak, çeýe bolmagyna hem-de immun ulgamynyň keselden goraýjylyk ukybynyň ýokarlanmagyna getirýär. Bu witamine ilat arasynda «çagalaryň ösüş witamini» hem diýilýär.

Gülruh ASADOWA,
Aşgabat şäheriniň 8-nji saglyk öýüniň baş lukmany.