Saglygymyz — baş baýlygymyz

21 Fewral 2024
975

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar» diýip belleýär we milletiň saglyk ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berip, bu baradaky meseläni berk gözegçiliginde saklaýar. Çünki türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazanýan döwlet–— bu geljegine ynamly garaýan sagdyn adamlaryň döwletidir. Şonuň üçin Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak — bu milletiň we her bir adamyň durmuşy baradaky gündelik alada we hemmetaraplaýyn gurşap alýan ulgam bolup durýar.

Ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň baş maksady — ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmäge, ilaty elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk kömegi hem-de hyzmatlary bilen üpjün etmäge, daşky gurşawyň arassalygyny saklamaga gönükdirilen işler yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň saglyk syýasaty saglygy goraýşyň öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň ulanylmagy bilen onuň ýokary derejede ösmegini, şeýle hem ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini öz içine alýar. Şeýlelikde, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy we olaryň hünär derejesiniň hemişe kämilleşdirilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň möhüm ugry bolup durýar.

Kemal ÇÜRIÝEW,
Merkezi harby hassahananyň lukmany, lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.