Kadaly iýmitlenmek —saglygyň gözbaşy

20 Fewral 2024
1027

Halk arasynda «Hemme zadyň sakasy saglyk, saglyk bolsa beglik bolar» diýen parasatly sözler bar. Sagdyn bolmak islendik ýaşda özüňi gowy duýup ýaşamakdyr. Bu bolsa, ilki bilen, biziň her birimiziň öz saglygymyz hakynda aladalanmagymyzdyr. Elbetde, adamyň jan saglygy köp zatlary öz içine alýar. Sagdyn durmuş ýörelgesine uýmak, ony gündelik durmuşyňa ornaşdyrmak bolsa derwaýysdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy sütünleriniň biri bolsa «Görk agyzdan» diýlişi ýaly, kadaly iýmitlenmek bolup durýar. Iýmitiň kadalylygyny berjaý etmegiň ynsan saglygy üçin möhüm ähmiýeti bar.

Sagdyn iýmitlenmek üçin, ilki bilen, şu maslahatlary berjaý etmäge çalşyň! Iýeniňizde işdämenlik bilen iýiň. Her bir adam ýaş aýratynlygyna görä, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, sagdyn iýmitlenmäge çalyşmaly, saçak başyndan aşa doýman turmagy endik edinmeli. Krahmala baý iýmitlerden peýdalanmaly. Düzüminde mal ýaglary agdyklyk edýän, şekeri köp bolan önümleri ulanmagy azaltmaly. Çörek, aş we aş önümleri, ýeralma hem-de tüwi biziň iýmitimizde krahmalyň gymmatly çeşmesidir.

Madina IBRAGIMOWA,
Aşgabat şäher çagalar hassahanasynyň lukmany.