Bilelikde göreşmek ― saglygymyzy gazanmak

16 Fewral 2024
917

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde welaýat onkologiýa hassahanasynyň guramagynda ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesiniň biraýlygy mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hünärmenleri welaýatymyzyň saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Tejribeli hünärmenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek we saglygy dikeltmek boýunça ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny belläp, ýatgy boýunjygynyň täze döremelerine garşy göreşmegiň, onuň öňüni almagyň has netijeli bejergini geçirmäge hem-de saglygymyzy goramaga mümkinçilik berýändigini bellediler.

Gülşat KAZAKOWA,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň bölüm müdiri.