Peýdaly maslahatlar

14 Fewral 2024
932

Gyş paslynda möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Sowuk, çygly, şemally howada adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň başy başgap bilen örtülen bolmaly. Gyş paslynyň aýazly howasynda bolsa olaryň aýakgaplary özüne laýyk, rahat, ýyly hem-de mümkin boldugyça, dabany düz bolmaly.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen milli tagamymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmegi ýatdan çykarmaň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.