Ýumurtganyň ýokumy

14 Fewral 2024
793

Ýedi hazynanyň biri hasaplanylýan towuguň ýumurtgasy öz düzüminde ýaşaýyş üçin gerek bolan ähli iýmit we biologiki maddalaryň çeşmesi saýylýar. Şol sebäpden ýumurtganyň iýmitlik gymmaty örän ýokarydyr. Şonuň üçin hünärmenler ýumurtgany ertirlikde iýmekligi maslahat berýärler.

Ýumurtganyň düzüminde beloklaryň, ýaglaryň (arahidon turşusy, lesitin, holin we başgalar) ýokumlaryň we mineral maddalaryň uly toplumy saklanýar. Has takygy, ýumurtganyň düzüminde fosfor, kalsiý, kükürt, sink, mis, natriý, kaliý ýaly mikroelementler jemlenendir.

Mehri HUDAÝBERDIÝEWA,
welaýat stomatologiýa merkeziniň çaga diş bejeriş bölüminiň lukmany.