Turp — gurp

14 Fewral 2024
837

Edil häzirki döwürde — gyş paslynyň dowam edýän günlerinde naharyň ýany bilen turp işdäaçary köp äberilýär. Munuň hem özboluşly sebäbi bar. Bu işdäaçar diňe bir işdäňi açmak bilen çäklenmän, eýsem, sowuk howaly günlerde birnäçe kesellerden goranmaga ýardam edýär. Şeýle-de turpdan taýýarlanylan işdäaçaryň saglygymyza diýseň peýdalydygyny hem ýatlatmak isleýäris.

Aslynda, ekologiýa taýdan arassa tebigy önümleri gündelik iýmek sagdyn durmuşyň girewidir. Könelerimiz hem «Görk ― agyzdan» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Ýokumly iýmitlerden öz wagtynda ýerlikli peýdalansak, saglygymyzy goramagymyza, görkümizi ýitirmän saklamagymyza sebäp bolar. Turp adam bedenini zerur ýokumlar we mineral duzlar bilen doldurýar, güýçlendirýär. Şol sebäpden ol, esasan hem, gyş aýlarynda we bahar paslynyň başynda kän kabul edilýär. Onuň şiresi iýmit siňdiriş ulgamynyň we içegäniň işleýşini kadalaşdyrýar. Şeýle hem ýürek-damar, öthalta we beýleki ulgamlaryň keselleriniň öňüni almakda hem örän peýdaly hasaplanylýar. Çünki onuň düzüminde PP, A, E ýokumlary, glikozidler, aminokislotalar, efir ýaglary, işjeň fermentler, organiki kislotalar bar. Turpuň bagyr we böwrek kesellerini bejermekde, böwrekdäki daşlary eretmekde hem melhemlik häsiýetleri ýokarydyr.

Rüstem UMIROW,
welaýat «Ene mähri» merkeziniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.