Öýken sowuklamasy

10 Fewral 2024
1183

Pnewmoniýa — öýken sowuklamasy, bu ýokançlar (köplenç bakteriýalar) sebäpli döreýän, öýkeniň dokumasynyň ojaklaýyn ýiti alawlamasydyr.

Soňky ýyllarda pnewmoniýanyň dürli kesel dörediji ýokanç mikroorganizmleriň dem alyş ýollaryna aralaşmagynda ýüze çykýandygy anyklanylýar. Esasan-da, keseliň döremegine dowamly üşemeklik, çilimkeşlik, gipoksiýa ýagdaýlary, gan azlyk, yzygider aşa ýadamaklyk, bronhlaryň ýiti we dowamly sowuklamasy we başga ýagdaýlar itergi berýär. Kesel dörediji ýokançlar öýken dokumasyna bedende bar bolan ýokanç ojaklaryndan ganaýlanyşygynyň üsti bilen, howa damja ýoly bilen, şeýle-de döş kapasasynyň şikeslenmegi netijesinde aralaşyp bilýär.

Kyýas GAÝYPOW,
Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany.