Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ylym ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Beýleki ugurlar bilen birlikde, türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň ösdürilmegine-de berilýän üns has-da güýçlendi. Türkmen edebiýatynyň köp asyrlyk taryhy, şu güni bilen baglanyşykly derwaýys meseleler möhüm wezipe edilip goýuldy. Milli edebiýatymyzyň öwrenilmegine, onuň ösüş, baýlaşyş ýollaryny seljermäge bolan talaplar täze many-mazmuna eýe boldy. Ylym bilen meşgullanmaga giň şertler döredildi.
Döredilýän mümkinçilikler türkmen edebiýatçylaryny edebiýaty öwreniş ylmynyň möhüm ugurlarynyň, belli-belli şahsyýetleriniň döredijiligini çuňňur öwrenmäge borçlandyrýar. Şeýle şahsyýetleriň biri hem Ýunus Emredir. Ol dünýä meşhurlygyny gazanan beýik söz ussatlarynyň biri.