Türkmenistan — BMG: durnukly ulag — durnukly ösüş

12 Dekabr 2023
1160

Bitaraplyk dünýä syýasatynda döwletimiziň amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmek hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda alyp barýan işleri örän uludyr. Häzirki wagtda gözbaşyny Bitaraplygyň esaslaryndan alyp gaýdýan döwletimiziň daşary syýasatynyň we ykdysady strategiýasynyň ýörelgeleri binýatlaýyn häsiýetdedir. Barha ählumumylaşýan dünýäde ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşyk has-da güýçlenmek häsiýetine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde durnukly ulag ulgamyny döretmek häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Hususan-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary halkara bazarlar bilen baglanyşdyrýan netijeli ulag-üstaşyr ulgamlaryny döretmek zerurlygy ýüze çykýar. Bu babatda Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynda alyp barýan işleri nusga alarlyklydyr. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalar kabul edildi. Bu möhüm resminamalar Türkmenistanda ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň halkara derejede rowaçlanýandygynyň güwäsidir.

Şu ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. 2016-njy ýylda hut şol senede Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirilipdi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 26-njy noýabrynda bolsa dünýä senenamasyna girizilen täze baýramçylyk ilkinji gezek bellenildi. Şol gün paýtagtymyzda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli wajyp ulag hem-de logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar» diýlip bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ulag-logistika infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy ählumumy maksatlaryň amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikleri açýar.

Göwher AŞYROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.