Jeýhunyň ýakasyna syýahat

30 Noýabr 2023
2014

Halkymyzyň hak howandary alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitaplary gönüden-göni halkymyzyň taryhyny, taryhda döreden gymmatlyklaryny aýdyňlygy bilen açyp görkezýän ajaýyp ensiklopediýadyr. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Gündogar Türkmenistanyň çäginde saklanyp galan ajaýyp taryhy ýadygärliklere hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle ähmiýetli ýadygärlikleriň biri hem Amyderýanyň orta akymynda ýerleşen Hoja Idat galasydyr. Bu taryhy-medeni ýadygärlik Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäginde ýerleşýär.

Hoja Idat galasynyň günorta-günbatarynda Erkgala (içki gala) ýerleşip, galanyň daş tarapyndan duşman howpy abananda, içi suw bilen doldurylýan garym gazylypdyr. Bu bolsa gala howp salýan duşman goşunyna garşy galany goraýjylar tarapyndan ilkinji päsgelçilik bolup hyzmat edipdir. Mundan başga-da galanyň diwarlary uly göwrümli, mäkäm gurlan diňler bilen berkidilipdir.

Rejep JOMMYÝEW,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň Gadymy we orta asyrlar taryhy bölüminiň ylmy işgäri.