Seýil edeliň bu jahana!

29 Noýabr 2023
1712

Täsin taslama

Saud Arabystanynyň «Geljegiň şäheri» diýlip atlandyrylýan täze Neom şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän binalardan iki sanysynyň taslamasy tanyşdyryldy. Bu syýahatçylyk zolagy Neomda gurulmaly 10 sebitiň altynjysydyr. «Epikon» diýlip atlandyrylýan binalar toplumy 2 sany degişlilikde 225 we 275 metre golaý diňlerden ybarat bolup, olar 41 sany myhmanhanany we ýokary derejeli dynç alyş zolaklary öz içine alar. Her bir ýaşaýyş otagy we willalar ýokary derejeli bolup, kenarýaka naharhana we restoranlar bilen üpjün ediler. «Geljegiň derwezesi» hökmünde tanaljak «Epikonyň» her bir isleg bildirýän raýat üçin ähli mümkinçilikleri döredip berjekdigi barada Neom şäheriniň ýolbaşçylary belleýärler.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ogulmaýsa BAÝRAMOWA,
«Aşgabat».