Taryhyň şöhratly ýoly

21 Noýabr 2023
1699

Ýurdumyzdaky arheologik we binagärlik ýadygärliklerini Beýik Ýüpek ýolundan aýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi medeniýetiň döräp ugran ilkinji döwürlerinde, şeýle hem orta asyrlarda kerwen ýollarynyň üsti bilen dünýä halklarynyň medeniýetleri, edim-gylymlary, däp dessurlary hem öwrenilip başlapdyr. Bu bolsa dünýä halklarynda gyzyklanma döredipdir. Şeýle gatnaşyklaryň rowaçlanmagynda Merkezi Aziýanyň, hususan-da, Türkmenistanyň orny örän uly bolupdyr. Şonuň bilen bir wagtyň özünde-de, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak üçin uly mümkinçilikler döräpdir. Dowamly amala aşyrylan söwda gatnaşyklary bu sebitlerde ýaşaýan halklaryň medeni durmuşlaryna öz täsirini ýetirip başlaýar. Beýik Ýüpek ýoly ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda gazanan ajaýyplyklarynyň biri bolup, taryhda Ýewropadan Hytaýa çenli ýaýylyp gidýän giňişlikde ýaşaýan halklaryň medeniýetlerini ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki döwürde halkymyzyň özboluşly taryhy-medeni mirasynyň ýadygärlikleriniň müňden gowragy döwletimiz tarapyndan hasaba alyndy. Bu sanaw taryhy ähmiýetli açyşlaryň hasabyna yzygiderli artýar. Ýurdumyzda täsin taryhy we tebigy ýadygärlikleriň sanynyň has köpdügi bu ýerlere daşary ýurtly syýahatçylary çekmäge şert döredýär. Şeýle hem taryhy-medeni mirasa juda baý bolan ata Watanymyza jahankeşdeleriň gyzyklanmasy, gelip görmäge bolan höwesi gün geçdigiçe ýokarlanýar.

Şirin PÜRMÄMMEDOWA,
Gökdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy, medeniýeti öwreniji.