Jümle-jahan habarlary

15 Noýabr 2023
1552

Iň uly gämi ýüzüşe taýýarlanylýar

Dünýäniň iň uly «Icon of the Seas» atly gezelenç gämisiniň ilkinji ýüzüşini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Maglumatlardan belli bolşy ýaly, ilkinji ýüzüş Maýama, ondan soňra Karib deňziniň gündogar-günbataryna tarap bolar. Finlandiýanyň Royal Caribbean Cruises kompaniýasynyň bu äpet gämisiniň uzynlygy 365 metre, ini 65 metre, agramy bolsa 250800 tonna barabardyr. Gämide ýolagçylaryň 7000-den gowragynyň amatly şertlerde dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Şonuň ýaly-da bu suw ulagynda restoranlaryň, kinoteatrlaryň, dynç alyş we fitnes zallarynyň, dükanlaryň köpsanlysy we uly akwapark ýolagçylaryň hyzmatynda bolar.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).