Doganlyk ýurda syýahat

25 Oktýabr 2023
1320

«Pamukkale» şypahanasy

Türkiýe Respublikasy dünýäniň hiç bir ýerine meňzeş bolmadyk geometrik çeşmeleri we tebigy gözellikleri bilen tapawutlanýar. «Pamukkale» şypahanasy ýurduň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Ol ýurduň günorta-günbatarynda, Deňizli şäherinden 20 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Şypahanada mineral çeşmeler köp. Bu ýerde ir döwürlerden bäri mälim bolup gelýän 17 sany mineral çeşmeleriň toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilipdir we bu ýerde düzlükden 100 metr beýiklikde görünýän, gadymdan galan wulkan hem bar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ogulmaýsa BAÝRAMOWA,
«Aşgabat».