Nebitgazyň we onuň känleriniň emele gelmeginiň nazaryýet esaslary

23 Oktýabr 2023
1531

Tebigy baýlyk bolan nebitgaz adamzadyň durmuşynda, onuň taryhynda strategiki ähmiýete eýe bolmak bilen, senagatyň we döwletiň ykdysadyýetiniň ösüşine öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin bu pudagy ösdürmegiň esasy bolan nebitgazly täze känleri gözläp tapmak, senagat gor binýadynyň artdyrylmagynyň üpjün edilmegi, ilkinji nobatda, onuň emele gelmeginiň ylmy-amaly nazaryýetine esaslanýar. Şonuň üçin nebitgazyň we onuň känleriniň emele gelmegi hem-de ýer jümmüşinde kanunalaýyk ýaýraýşyny öwrenmegiň diňe bir nazaryýet taýdan däl, eýsem, amaly-tejribe taýdan hem ähmiýeti uludyr. Şeýle bolansoň, bu mesele uzak ýyllaryň dowamynda alymlary gyzyklandyryp gelipdir. Olar degişli çözgüdiň tapylmagy ugrunda örän köp ylmy-amaly, tejribe işlerini geçiripdirler.

Garalýan mesele bolan ýer jümmüşindäki ýaýran uglewodorod (UW) känleriniň emele gelmegi çylşyrymly meseleleriň hataryna degişli bolup, onuň çözgütleri, birinji nobatda, ýeriň gurluşyny öwrenýän umumy geologiýa ylmyna, oňa degişli ugurlara, ýagny stratigrafiýa, paleontologiýa, litologiýa, tektonika, geofizika, gidrogeologiýa, geohimiýa we başga ugurlara esaslanýar.

Kuwwatmyrat HALYLOW,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Geologiki maglumatlar merkeziniň başlygy.