Dostlukly döwlete syýahat

11 Oktýabr 2023
1413

Son-Kul dag köli

Gyrgyz Respublikasynyň Son-Kul dag köli Naryn şäherinden, takmynan, 90 kilometr demirgazyk-günbatarda bolan Içki Týan Şanyň merkezinde ýerleşýär. Uzynlygy, takmynan, 29 kilometr we ini 17 kilometr töweregi bolan bu köl, ýurtda ikinji iň uly köldür. Ol deňiz derejesinden 3016 metr belentlikde bolup, inedördül meýdany 270 kilometr, iň çuň ýeri bolsa 13,2 metre barabardyr. Bu dag kölüniň ýene bir bellenilmeli aýratynlygy onuň süýji suwly bolmagydyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ogulmaýsa BAÝRAMOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.