Beýik türkmen soltany Mahmyt Gaznalynyň iň meşhur ýörişi

10 Oktýabr 2023
2058

Gaznaly Türkmen döwletiniň (963 — 1186) beýik hökümdary Soltan Mahmyt Gaznaly 970-nji ýylyň 14-nji noýabrynda doglupdyr. Mahmyt Gaznaly 998 — 1030-njy ýyllarda Gaznaly Türkmen döwletiniň hökümdary bolupdyr. Onuň doly ady Ýemineddöwle we Eminelmille Kähfelislam we Nyzameddöwle Abylkasym Gazy Mahmyt bin Söbüktegindir. Apbasy Halyfy Kadyr billäh 999-njy ýylda Samany döwletiniň ýykylmagy mynasybetli Soltan Mahmyt Gaznala halat, täç, yslam baýdagyny iberipdir we täze hökümdara «Ýemineddöwle we Eminelmille» («Döwletiň sag goly we milletiň kasamy») diýen beýik dereje-lakamy dakypdyr. Bu lakam Mahmyt Gaznalynyň ýörgünli ady bolupdyr.

Mahmyt Gaznaly «Soltan» derejesini alan ilkinji türkmen hökümdarydyr. X-XI asyrlaryň sepgidinde ýaşap geçen taryhçy alym Muhammet Utby «Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy» atly eserinde soltanlygy şeýle beýan edipdir: «Soltan beýik Taňrynyň ýerdäki saýasydyr we ol Onuň halkyna bellän wekilidir. Ol Taňrynyň hakynyň berjaý edilmegine ýardam beriji ynamdar adamsydyr».

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.