Arkadagyň sungaty

13 Sentýabr 2023
1617

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän, sebitde «akylly» şähergurluşy bilen tapawutlanýan Arkadag şäheriniň binalarynyň her biriniň daşky görnüşi, binagärlik çözgütleri onuň şöhratly taryhymyza, medeni gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, milli medeniýetimize ýugrulan şäherdigine güwä geçýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň yhlasyndan, çuňňur paýhasyndan kemala gelen «akylly» şäheriň arhitekturasy geçmişi yzarlaýan, geljegi nazarlaýan milliligiň kämil nusgasynda gurlandyr.

Täze şäherde halkymyzyň milli buýsanjy bolan dünýä belli ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrýan meşhur Akhanyň heýkeli sekizburçlukdan ýokary göterilýän daragt mysaly beýgelýän mermer arkaly mawy Ýer şarynda ýerleşdirilip, döwrebap şäherde öz mynasyp ornuny tapdy. Ady rowaýata öwrülen Akhana bagyşlanan binanyň belent başy suw çüwdürimi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň belent sepgitleri nazarlaýandygyny alamatlandyrýar. «Akhan» binasyny gurşap alan altynsow reňkli ganatly atlaryň nepis şekilleri binanyň ähmiýetini has-da açyp görkezýär. Onuň aýlaw germewi bolsa, türkmen binagärlik sungatynyň esasy bezeg nagşy bolan sekizburç şekiller bilen haşamlanyp, türkmen halysynyň «guşly göli» we belli aralyklarda ýerleşen teýi nagyşly granit daşdan ýasalan yşyklar bilen bezelendir.

Ahatmyrat NUWWAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory.