Zehinlere berlen belent baha

13 Sentýabr 2023
1611

Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly filosofik eserinde toplan bilimini we baý tejribesini seljerip, olaryň üsti bilen il-ýurdumyzy belende göterýän meseleler barada giňişleýin söhbet edýär. Şol meseleleriň aglabasy ylym-bilim bilen baglanyşykly bolup durýar. «Jemgyýetde sowatly adamlar näçe köpeldigiçe, şonça-da zehinli adamlar has köp ýüze çykar» diýip, Gahryman Arkadagymyz ýazýar. Şu ugurda döwletimizde uly işleriň alnyp barylýandygyna, ýokary okuw mekdepleriniň döredilýändigine, olaryň geçen ýoluna we ylym-bilimiň ösüşine goşan goşantlaryna üns çekilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde jemgyýetiň iň bir düşünjeli, işjeň gatlagy hasaplanylýan ýaşlaryň bilim alýandygy hakynda möhüm gürrüň gozgalýar.

Gahryman Arkadagymyz bu gürrüňi dowam etdirip, özüniň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde ýaşlar bilen geçiren duşuşyklaryny ýatlaýar. Şol duşuşyklaryň birisiniň — Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem bolup geçendigi baradaky ýazgylary höwes bilen okaýarys. Sebäbi bu duşuşyk edil şu günki ýaly biziň ählimiziň ýadymyzda. Ol biziň institutymyzyň taryhyna iň bir ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolup ornaşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýokary okuw mekdebiniň baý taryhyny öwrenip, onuň başlangyjyny Çärjew şäherinde 1924-nji ýylda işe girizilen pedagogik uçilişeden alyp gaýdýandygyny beýan edýär. 1927-nji ýylda uçilişäniň düzümi üýtgedilip, pedagogik tehnikum diýlip atlandyrylypdyr. Şol döwürde pedagogik tehnikumda mugallymlaryň 39-sy işläpdir.

Nigara KAÝLIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.