Arzyly arzuwlaryň wysaly

1 Sentýabr 2023
493

Talyplyk — ömrüň altyn çagy, ýaşlygyň bahary. Talyp döwürleriň, uçurym bolan ýokary okuw mekdebiň ömrüň bir hoşasy bolup hakyda siňýär. «Talyp» adyna mynasyp bolmak üçin irginsiz okamagyň, kämilleşmegiň, öz üstüňde köpräk işlemegiň zerurdygy bolsa düşnükli zat. «Bilimi zor talyp bolar» diýlişi ýaly, ine, täze okuw ýylynda-da zehinli ýaşlaryň müňlerçesi talyp şahadatnamasyny ele alyp, tolgundyryjy pursatlary başdan geçirýärler. Biz hem arzuwlary hasyl bolan ýaşlaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Elbetde, bagtdan paýly ynsanlaryň şatlygyna goşulmak hem bagtyň bir bölegi ahbetin.

"Nesil".
Beýleki habarlar