Çigrek (Durmuş we biz)

2 gün öň
53

Işe atygsaýan ýüregime aýaklarymyň goltgy berýänini duýup barşyma, bir demde duralga ýetenimi bilip galdym. Ak öý ýaly duralgalardaky ýolagçylaryň käbirleri bilen baş atyşyp, has tanyşlary bilen içgin saglyk-amanlyk soraşyp durşuma, gözüm 160-lygyň ýolundady. Şol barmana goňşy okuwçy gyz salam berip, ýylgyrypjyk ýanyma geldi. Egninden asylgy torbajygy onuň dil ugrundan haýsydyr bir okuw merkezine gatnaýandygyndan habar berýärdi. Tüweleme, tomus çagalaryň boýlaryna-inlerine bat beräýýär. Özümiňkiler şeýlemikä diýsem, bujagaz gyzyňam boýjagazyna guwanybermeli bolandygyna aň etdim. Ol bolsa: «Gelneje, eýýäm sowuk düşäýdimi?!» diýen sowaly bilen pikirimiň hörpüni üýtgetdi goýaýdy. Sebäbi bir-iki günlükde öýümizde-de şeýleräk gürrüň bolupdy. Gelnimiz indi agşamlaryň mazaly salkynlanyny aýdyp, serginledijä dynç bermek wagtynyň ýetenini çagalaryna tekrarlaýardy. Gyz agtygym bolsa: «Gün, tün» diýip, meniň zol gaýtalaýan sözlerimi ýatlap, enesini diňlemek isleýärdi. Uzak garaşdyrman onuň islegini berjaý etmeli boldum: «Gyzym, «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda Gün sowar» diýenimi ýatlaýaňmy? Atalarymyzyň aýdan sözleriniň yrýasy bolmaz. Olar müň bir gezek ölçerip-döküp, soňra şeýle aýtgylary döredipdirler. Özüňizem oňa şaýat bolduňyz ahbetin. «Üçýyldyzyň galgyny, Ýaldyragyň ýangyny» diýlen mütdetde howa nähili yssy boldy. Üçýyldyz dogandan soň welin, birazajygam bolsa, gijelere salkynlyk aralaşdy. Ana, Ýaldyrak dogandan bäri bolsa indi gündizem salkynlap ugrady. Hä diýmän bir-iki günden çigregem düşer. Egniňize ýeňiljek bir zat alaýmasaňyz, ertiriň iridir agşam çaglary çigreklemegiňizem mümkin» diýdim.

Bu zatlary bir demde aňymda aýlap ýetişsem-de, goňşy gyzjagazyň sowalyna jogap berip ýetişmedim. Ýogsa oňa: «Entek biraz sowukdan irräk, jigim, çigrek düşdi diý» diýäýjekdim. Ýöne, tüweleme, ak ýollarda suw ýaly akyp duran awtobuslar oňa maý bermedi. Gyzjagaz başyny çalaja atyp, jogapsyz sowallaryny göterip, ulaga münüp gitdi. Jogap berilmedik sowallar bolsa awtobusyň içinde-de, iş otagyma gelip, elime galam alamsoň-da meni öz erkime goýmady. Öz ýanymdan öz-özüme käýinip, aňyrsyna çykyp bilmedim. Milli edebiýatymyzy, ene dilimizi ösdürmek baradaky ençeme gürrüňleri ýatladym. Türkmen dilinde müňlerçe şireli, manyly köne sözler bar ahyry. Dil baýlygymyz, gorumyz — aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giden bir umman. Çigrek, jiger, dide, buý, asal, galbir... ýaly ata-babalarymyzyň ulanan köne sözlerini biz — žurnalistler, dilçiler, mugallymlar ulanyp, çagalara manysyny düşündirmesek kim indär?! Elbetde, kitaplar, düşündirişli sözlükler hem okajak adama kömek edip biler. Ýöne «janly kitaplardyr» «sözlükler» entek barka gyzylyň gyryndysy ýaly gadymy sözlerimizi ýaş nesillerimize ýetirmesek, söz gorumyz azalmak, çygrymyz daralmak bilen bolar ahyry.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».
Beýleki habarlar