Medreseler — bilim-terbiýe ojagy

25 Awgust 2023
2044

Türkmenler müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeniýetini, däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini, urp-adatlaryny aýap, gorap, şu güne ýetiren halkdyr. Ýurt Garaşsyzlygynynyň gazanylmagy bilen, halkymyzyň gadymy medeni, ruhy, çeper gymmatlyklaryna bolan sarpasy, gyzyklanmasy has-da artdy. Däp-dessurlarymyzyň birnäçesine täze öwüşgin berlip, olar gaýtadan dikeldilýär. Şu ýylyň 15-nji ýanwarynda Milli Liderimiz Arkadag şäherinde guruljak metjidiň ýerine gelip, gymmatly maslahatlaryny berende, metjidiň ýanynda sadaka jaýy bilen birlikde okuw medresesiniň hem gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Ata-babalarymyz medrese gurmak işine möhüm ähmiýet beripdirler. Bu iş metjit gurmak ýaly sogaply hasaplanypdyr. Geçmişde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde öz wagtynda uly şöhrat gazanan ençeme medreseleriň bolandygyny bilýäris. Olar, aýratyn-da, Lebap welaýatynda köp duş gelýär. Buharada okap, belli bir derejede dini bilim alandan soňra Buharaýy — şerifiň medrese açmaga rugsat berýän möhürli rugsatnamasy bilen öz obasyna dolanyp gelen halypalar az bolmandyr. Olar ýerli ilatyň kömegi bilen ululy-kiçili medreseleriň onlarçasyny gurupdyrlar. Olaryň käbiri hakynda söz açmagy makul bildik.

Hudaýberen ABRAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.