Syýagalamlaryň taryhyndan

23 Awgust 2023
1575

Internet maglumatlaryna görä, Ýer ýüzünde 1 sekuntda ortaça 125 sany syýagalam satylýar. Eýsem, biz gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen syýagalamlar barada nämeleri bilýäris? Olaryň döreýşi, ilkinji gezek ulanylyşy, dürli görnüşleri ählimiz üçin gyzykly bolsa gerek.

Syýagalamyň ilkinji çykan görnüşi ýazuw perleri hasaplanýar. Iňlis dilinde ulanylýan «pen» sözi hem guşuň peri diýmekligi aňladyp, ýazuw işinde adamlar, köplenç, gazyň perini ulanypdyrlar. 1944-nji ýylda bolsa žurnalist Laslo Biro şarjagazly syýagalamlary oýlap tapýar. 1945-nji ýylda Nýu-Ýork şäherinde şarjagazly syýagalamlaryň ilkinji tapgyry satuwa çykarylýar we şol günüň özünde 10 000 sany syýagalamyň her biri 12 dollardan satylýar. Bu baha şol wagtlar Amerikanyň ýokary derejeli işçileriniň bir günlik iş hakyna deň bolupdyr. Ýene-de bir täsin zatlaryň biri, şarjagazly syýagalamlaryň syýa guýulýan özeni ilki egrem-bugram şekilde bolupdyr. Bu bolsa oňa köp syýa guýmaga ýardam beripdir. Ýöne onuň öndüriliş tehnologiýasynyň kynlygy sebäpli, syýagalamlaryň özeni häzirki görnüşe getirilipdir. 

Internet maglumaty esasynda taýýarlan Ogulnur MUHANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.