Barlaglar önümçilikde beýanyny tapýarlar

14 Awgust 2023
1469

Ýurdumyzyň esasy ykdysady sütünleriniň biri bolup durýan nebitgaz pudagynyň ähli ugurlaryny häzirki döwre laýyklykda netijeli çözmek üçin, ilki bilen, barlaglara içgin we yzygiderli üns berilýär. Bu babatda türkmen topragynyň baýlyklaryny, esasan-da, nebitdir gazyň çykarylyşyny netijeli we rejeli peýdalanmakda ylmy-barlag işlerini geçirmäge gönükdirilen syýasat möhüm wezipeleriň oňyn çözülmegine ýardam edýär.

Nebitli guýularyň, gatlaklaryň ilkinji özleşdirilen gününden başlap, işlenip geçmegiň tä soňky tapgyryna çenli nebit çykarylyşynda alnan maglumatlary we gatlaklaryň çäginde bolup geçýän prosesleri öwrenmegiň, seljermegiň hem-de sazlamagyň jogapkärli wezipesi — bu olarda döwrebap barlag işleriniň geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygy alymlaryň, hünärmenleriň, barlaýjylaryň üns merkezinden düşmän gelýänligidir. Has takygy, önümçilikde täze kabul edilen we ulanyşdaky her bir guýynyň önüminiň artdyrylmagy, hiliniň gowulandyrylmagy, önümli gatlaklaryň fiziki-himiki häsiýetleriniň, basyşlarynyň ylmy taýdan öwrenilmegi üçin barlag geçirilmeli guýularyň meýilnamasy düzülende anyk hem-de doly görkezilýär.

Weýis AMANTAGANOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň «Nebit çykarmagyň tehnikasy we tehnologiýasy» laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri.