Ýeňişler gutly bolsun!

2 Awgust 2023
1929

Ylym-bilim jemgyýetimiziň ösüşine itergi berýän güýçdür. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, kämil düşünjeli, watansöýüji nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlarymyzyň täze ylmy açyşlary, täze ýeňişleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Olaryň ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän olimpiadalarda, bäsleşiklerde öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny, bilim derejelerini görkezip, ýokary netijeleri gazanmaklary has-da buýsandyryjydyr. Bu bolsa ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Ylym-bilime teşne, sowatly hem höwesli ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri ata Watanymyzyň buýsanjydyr. Himiýa dersi boýunça halkara olimpiadalara yzygiderli gatnaşyp, ýeňişli gelýän, şeýle üstünliklerden paýly ýaş himik jigilerimiz bu gezek hem bizi begendirdiler.

«Güneş».