As-Samany — orta asyrlar döwrüniň görnükli alymy (Ýaşlar we gadymyýetiň ýaňy)

10 Iýul 2023
1798

Gojaman taryha ser salsak, türkmenler dünýäniň çar künjünde beýik döwletleri döredip, dünýä medeniýetiniň, ylmynyň we biliminiň pajarlap ösmegine saldamly goşant goşupdyrlar. Gündogarda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni taýdan ösen döwletleriň biri hem Beýik Seljuk Türkmen döwletidir. Seljuk soltanlarynyň ählisi döwletiň gülläp ösmeginiň ylym-bilime baglydygyna düşünip, bu pudagy ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwrüpdirler. Hut şu jähetden ugur alyp, Beýik Seljuk Türkmen döwletiniň paýtagty Merwde ylym-bilim ojaklary, meşhur kitaphanalar, medreseler we obserwatoriýalar gurlup, alymlaryň, şahyrlaryň we dürli ugurlar boýunça ylmy işgärleriň kemala gelmegine şert döredilipdir. XI asyryň ortalaryndan XIII asyryň başlaryna çenli Merwde köp sanly kitaphanalar işläp, olaryň iki sanysy metjitde, iki sanysy hanakada, galanlary medreselerde ýerleşipdir. Bu ýerde meşhur alymlar tarapyndan Samanylar kitaphanasynyň döredilendigi hakynda taryhy çeşmelerde gabat gelmek bolýar.

Merwde as-Samany ady bilen meşhur bolan, samanylar maşgalasyna degişli taryhçylaryň we filologlaryň mekdebi ýerleşipdir. Bu mekdebi Abu Sad Abul Muzaffar as-Samany esaslandyrypdyr. Samanylar alymlar maşgalasy bolup, olara Merwdäki on iki kitaphananyň iki sanysy degişli bolupdyr. As-Samanylar maşgalasyna degişli bolan kitaphana barada Ýakut al-Hamawy: «Samanylara degişli bolan iki kitaphananyň birinjisi ― şäheriň sahawatly we akyldar adamlaryndan biri bolan Şyhabeddin as-Samana degişli bolup, ony öz hanakasynyň golaýynda gurdurypdyr we ondaky kitaplardan alymlar hem-de sopular peýdalanypdyrlar» diýip belleýär. Seljuk türkmen döwletiniň görnükli weziri Nyzamylmülk Şyhabeddin as-Samana ýokary derejede hormat goýupdyr. Şyhabeddiniň kitaphanasynda yslam dininiň döreýşi we ösüşi bilen bagly gymmatly kitaplar saklanypdyr. Şonuň üçin bu kitaphana «Täç ul-yslam» (Yslamyň täji) kitaphanasy diýlip atlandyrylypdyr. Soňra bu kitaphana Samanylar maşgalasynyň agzasy, görnükli alym, 1112 ― 1167-nji ýyllarda ýaşap geçen Abu Sahyt as-Samany al-Merwezä degişli bolupdyr. Abu Sahyt as-Samanynyň atasy Abul Muzaffar Mansur ibn Muhammet ibn Abduljepbar et-Temimi al-Merwezi as-Samany 1035-nji ýylda Merwde dünýä inipdir. Ol Mekgede alty ýyl Samany Abulkasym Sad Aly ez-Zenjany we başga alymlardan sapak öwrenýär. Soňra Tusa, Nişapura gidip, medreselerde talyplara sapak berip, gysga wagtda şan-şöhrata eýe bolýar. 1086-njy ýylda Merwe dolanyp, medresede talyp okatmak bilen meşgullanypdyr. Ol 1096-njy ýylda aradan çykypdyr. Abul Muzaffaryň ogly Muhammet ibn Mansur as-Samany kakasynyň ylmy ýoluny dowam etdiripdir. Ol 1073-nji ýylda Merwde dünýä inýär. Ol ýaşlyk döwründe ylmy gözlegler bilen Hemedanda, Yspyhanda, Reýde we Hyratda bolupdyr. Ol ýerde birnäçe alymlardan ders alýar. Soňra Merwe dolanyp gelip, talyplara bilim berýär. Ol 1116-njy ýylda aradan çykypdyr. Muhammet Mansur as-Samany ýazyp başlan eserleriniň birnäçesini doly tamamlap bilmändir, olaryň arasynda diňe talyplary tarapyndan saklananlary biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Jeren ÖWEZOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dünýä taryhy kafedrasynyň mugallymy.