Mekdep okuwçylary futbolda bäsleşdi
Änew şäherindäki sport desgasynda “Altyn top” ady bilen futbol ýaryşynyň Ak bugdaý etrap tapgyry geçirildi. Okuwçy ýaşlary sporta giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, sport ussatlygyny ýokarlandyrmak we uly derejedäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen ýaryşa etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guralan ýaryş çekeleşikli duşuşyklara baý boldy. Şol duşuşyklaryň her biri ýaşlaryň sport ussatlygyny aýdyň ýüze çykardy hem-de ýaş nesliň arasynda futboluň meşhurlygynyň artýandygyny görkezdi.