Şöhratly taryhymyza, milli medeniýetimize, medeni mirasymyza hormat-sarpa goýmak, olary dünýä ýaýmak geljekki rowaçlyklaryň özenidir. Bu ugurda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyna bolsa hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy aýdyň subutnama boldy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda TÜRKSOÝ bilen netijeli gatnaşyklar giňden ösdürilýär. Medeniýetleriň özara baglanyşygyny üpjün etmek we dünýä ýaýmak boýunça durmuşa geçirilýän işler halklary dostlaşdyrýar. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň taryhynda özboluşly orun eýeleýän gadymy şäheriň dünýä ýaň salan şöhratynyň ýaňadan dabaralanýandygynyň aýdyň nyşany boldy.