"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

ÝURDUMYZYŇ ULAG-ÜSTAŞYR MÜMKINÇILIKLERI KUWWATLANÝAR

Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmagy ulag ulgamyny ösdürmekde ägirt uly serişdeleriň goýberilmegine, öňdebaryjy tejribeleri ulanmak arkaly döwrebap ulag-magistral ýollaryny, köprüleri, demir ýollary we turbageçirijileri gurmak boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, sebitde ulag logistika merkeziniň kemala gelmegine esas döredýär. Bu bolsa ýurdumyzy Merkezi Aziýa sebitiniň ulag ulgamynyň esasy halkasyna öwürýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 17-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň dabaraly açylmagy ähli watandaşlarymyzyň ýüreklerinde buýsanç duýgusyny döreden ajaýyp wakalaryň birine öwrüldi. Diňe ýokary tizlikli hereket üçin niýetlenen awtobanlar tutuş dünýäde hem uly meşhurlyga eýedir. Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmaga, gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döredýän bu ak ýol goňşy döwletler bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem, bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we şol ýerden Kawkaza, Ýewropa, Russiýa, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döredýär.

YKBALLARA NUR PAÝLAÝAN SAHAWAT

Döwrümiziň öňe çykaran örän uly bir hakykaty bar: bu gün «Sahawatly kişi» diýeniňde ilki bilen ýadyňa Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz düşýär. Milli Liderimiz we döwlet Baştutanymyz diňe bir ildeşlerimize däl, bütin Ýer ýüzüne sahawatlylygyň belent nusgasyny görkezýär. Eziz Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bolsa bu babatda aýratyn bellenilmeli gymmatlykdyr. Şu baharda üç ýaşyny dolduran gazna ýüreklere eýýäm asyrlara ýeterlik ýakym paýlady. Dogry, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu gazna döredilende onuň telim-telim ykballary gülletjekdigine tüýs ýürekden ynanypdyk. Ýöne bu gülleýişiň şeýle beýik derejesini göz öňüne getirip hem bilmändik. Gahryman Arkadagymyz bu gaznanyň, sözüň doly manysynda, gudrat döredip biljek güýje eýedigini bütin dünýä subut etdi. Adamzat jemgyýetçiligi bu hakykata üstümizdäki ýylda-da telim ýola şaýat boldy.

IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY

7-nji aprel - Bütindünýä saglyk güni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurt abadançylygyny berkarar etmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Halkyň saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

ARKADAGLY ÝAŞLAR– USSAT TÜRGENLER

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň bitirýän işleri bu gün bütin jahana äşgär. Olar sportda-da, ylymda-da, dürli hünärlere ussatlyk bilen erk etmekde-de Ýer ýüzündäki deň-duşlaryna görelde görkezýärler. Hut şu aýyň dowamynda ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş bolsa Arkadag Serdarly bagtyýar türkmen ýaşlarynyň ýurdumyzyň şanyna şan goşan täze üstünliklerine beslendi. Bu ýaryşyň duşuşyklaryna köpimiz paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumyna baryp, köpimiz bolsa «mawy ýaýlym» arkaly tomaşa edendiris. Ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eden «Galkan» hokkeý toparyna toplumdan ýa-da öýden janköýerlik etmegimiziň parhy ýok, esasy zat, bir hepdäniň dowamynda dine paýtagtymyz däl, tutuş ýurdumyz hokkeý sportunyň jadysyna beslendi.

Toýlar toýa ulaşdy bedewleriň şanyna

Halkymyzyň behişdi bedewlerine goýýan hormat-sarpasynyň örän uludygyna we egsilmezdigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dünýä ýaň salan dabaralarynyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Şol dabaralara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagy bolsa olary taryhy ähmiýete eýe etdi. 27-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirilip, olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwlet derejesindäki aladanyň aýdyň nyşany

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 26-njy aprelde Arkadag şäherine amala aşyran iş sapary ýurdumyzda atçylyk pudagyny hem-de türkmen sportuny, şol sanda futboly ösdürmekligiň elmydama döwlet derejesinde üns merkezinde durýandygynyň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz ajaýyp şäherdäki döwrebap ahalteke atçylyk athanasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen gürrüňdeş boldy hem-de köpugurly stadionda Arkadag şäheriniň futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň hem-de umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygyna öwrülen ganatly bedewleriň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen myhman bilen geçiren duşuşygynda ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagy ugrunda halkara giňişlikde amala aşyrylýan işler barada pikir alşyldy.

Belent işlere ruhlandyrýan kitap

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakasy bolup, bagtyýar halkymyzda egsilmez hoşallyk duýgularyny döretdi. Bu ajaýyp eseriň şöhratly taryhymyza, müňýyllyklardan gözbaş alyp, häzirki günlere gelip ýeten milli medeniýetimize bolan söýgi-buýsanjyň artmagynda hem ähmiýeti örän ýokarydyr. Üç dilde neşir edilen täze kitabyň «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplary hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar – Bagabat – Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümleri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäheriniň taryhy, onuň medeniýetiniň aýratynlyklary, bu medeniýetiň dünýäde ykrar edilmegine ägirt uly goşant goşan adamlaryň alyp baran işleri barada köp sanly gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Änewiň diňe bir şöhratly geçmişi däl-de, şanly şu güni hakynda hem gürrüň edilýän ajaýyp kitapda ýurdumyzda taryhy ýadygärliklerimizi, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada hem çu

Türkmeniň uçar ganaty

Ahalteke bedewleri gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň uçar ganaty, syrdaşy, kyn gününde wepaly ýoldaşy hasaplanyp gelýär. Türkmen halky taryhyň çylşyrymly wakalaryna, ýowuz öwrümlerine garamazdan, dünýäniň dürli ýurtlarynyň ussat hünärmenlerini haýran galdyrýan milli atşynaslyk medeniýetini gymmatly baýlyk hökmünde mynasyp derejede gorap saklamagy başarypdyr. Köp sanly taryhy maglumatlar atşynaslyk medeniýetiniň gadymy mekanynyň Merkezi Aziýa, ilkinji nobatda, Türkmenistandygyny tassyklaýar. Türkmen bedewleri gadymy çeşmelerde «behişdi», «asman», «asylly», «adaty bolmadyk» diýlip sypatlandyrylýar. Bularyň ählisi milli seýisçilik sungatynyň gelip çykyşynyň, taryhy ösüş ýolunyň örän gyzyklydygyny tassyklamak bilen, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan türkmen bedewleriniň şöhratyny äleme ýaýýar.

Dost­luk köp­rü­si

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda erkekler woleýbol klub toparlarynyň arasynda guralan ýurdumyzyň çempionatynyň ýokary ligasynyň duşuşyklary birnäçe tapgyrdan ybarat boldy. Oňa woleýbol toparlarynyň 10-sy gatnaşyp, birinji tapgyr 2023-nji ýylyň oktýabrynda, ikinji tapgyr 2024-nji ýylyň ýanwarynda, üçünji tapgyr fewralda, dördünji tapgyr bolsa aprelde geçirildi. Bu ýaryşa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi», Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa», Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Gala», Goranmak ministrliginiň «Milli goşun», Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagär», Içeri işler ministrliginiň «Galkan», Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň «Kerwen», Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş», Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» woleýbol toparlary gatnaşdylar.

Welaýatlardan habarlar

Aprel aýy Diýarymyzyň sportdaky mümkinçilikleriniň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Aşgabat şäherinde geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýurdumyzyň «Galkan» toparynyň gazanan üstünligi bu hakykatyň subutnamasy boldy. Türkmen toparynyň üstünligi ählimiziň buýsanjymyzy goşalandyrdy. Aýyň ilkinji ongünlüginde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan welosipedli ýörişler bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şol günler biziň welaýatymyzda hem ähmiýetli çäreleriň birnäçesi guralyp, şolara Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar. Olar sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaga döredilen giň şert-mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edýärler.

Ýeňiş baýramyna bagyşlanan sergi

Şu günler türkmen halky 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyny giňden belleýär. Welaýatymyzda-da baýramçylyk mynasybetli toý-dabaralara giň gerim berilýär. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde şanly senäni has-da dabaralandyrmak maksady bilen «Bakylyga öwrülen mertler» atly wagtlaýyn sergi guraldy. Serginiň açylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, muzeý işgärleri, harby gullukçylar, talyplar, ýaş nesliň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler faşizme garşy söweşlerde türkmenistanly gerçekleriň görkezen edermenlikleri, tyldakylaryň çeken janypkeşlikli zähmeti dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Olar asuda, parahat durmuşyň gadyryny bilip, ulus-ilimiziň ähli ugurlardaky ösüşlerine saldamly goşant goşmagy ýaşlara ündediler. Şonuň ýaly-da çykyşlarda halkymyzyň azatlygy, erkinligi ugrunda şirin janlaryny gaýgyrman, mertlerçe söweşen uruş weteranlaryna, tylda zähmet çekenlere goýýan belent hormat-sarpasy, olara döredip berýän ýeňillikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Binalar görk goşýar ajap keşbine

Gurmagy we döretmegi täze taryhy eýýamyň esasy şygaryna öwren hormatly Prezidentimiz halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda: «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär» diýip belledi. Şäherlerimiziň, obalarymyzyň keşbiniň dowamly özgerdilmegi halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň üpjün edilýändigini alamatlandyrýar. Aşgabadyň gurluşyklarynda milli binagärlik ýörelgeleri häzirki zaman tejribeleri bilen utgaşdyrylýar. Binagärlik sazlaşygyndan dörän paýtagtymyz dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde häzirki wagtda ençeme desgalaryň, binalaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Olaryň sanawynda çägi barha giňeýän «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynyň binalary-da bar. Ähli amatlyklary bolan köp gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, umumybilim berýän orta mekdeplerdir çagalar baglary hem gurulýar. Olary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary «Aga gurluşyk»

Ýurdumyzyň welaýaylarynda

AHAL Teatryň döredijilik sowgady

Watana wepalylyk: mertebä ýetiren menziller

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda ynsany belentliklere ýetirýän özboluşly kämillik basgançaklaryndan söz açyp, il bähbidini özüniňkiden ýokary goýup bilýän kişileri iň kämil häsiýetleri özünde jemleýän iňňän gerekli, mertebeli adamlar hökmünde häsiýetlendirýär. «Jemgyýetiň öňe ilerlemegi üçin derwaýys görülýän bu häsiýetleriň arasynda ukyp-zehinlilikden we işeňňirlikden daşary, guramaçylyk, iş dolandyryjylyk, ýolbaşçylyk ýaly häsiýetler hem bolmalydyr» diýen jümleleri okap oturyşyma, kitabyň gahryman zenanlarymyz hakynda gürrüň berýän sahypalaryna gaýtadan göz gezdirenimi duýman galdym. Olar Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowanyň ömür ýoly baradaky söhbetlerde-de ýolgörkeziji çelgi edinip boljak jaýdar jümleler ahyryn... Suratkeşlikde adamyň portretini çekmegiň iň kyn usuldygyny aýdýarlar. Žurnalistikada-da belli bir adamyň geçen ýolundan söhbet açyp, sözler bilen onuň portretini çekmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Biziň gürrüňini edýän gahrymanymyz bolsa örän köptaraplaýyn şahsyýet. Mugallym, guramaçy-partiýa işgäri, diplomat, alym, mährem ene... Maşgalada alan asylly terbiýesi, zähmetsöýerligi, halallygy, başyna baran işine durky-düýrmegi bilen berilmegi haýsy kärde zähmet çekende-de, nirede bolanda-da oňa hemişe uly abraý getirdi. Ömrüniň çärýek asyryny bagyşlan diplomatik wezipesinde, häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmen

Tygşytlylyk — kämillik

«Tygşytlynyň rysgy iki» diýen ýaly pähimpisint sözleri tapanyma monçadym, ýöne bu-da bärden gaýtma eken: tygşytlylyk — ýaşaýşyň hem ilki, hem-de ahyrky şerti ýa-da ýaşaýşa hemişelik hemra şert. Tebigatdan mugtuna alýan ähli zatlarymyz, dem alýan howamyzdan başlap, gaýry tebigy eşret-serişdelerimiz özüne eşrepidenem has sarpaly, dogrusy, gudrat kimin garaýşy talap edýär. Çünki olary täzeden ýasap bolmaýar, onsoň munuň soňunyň-hasabynyň bardygyny dünýäniň häzirki ekologik ýagdaýy mesaňa görkezýär. Şu jähetden, biziň ozalky garaýşymyzyň birtaraplaýyndygy indi barha ýiti duýulýar. Muňa müňlerçe delillerden ýeke mysal: «Wagty tygşytlamak — pul» diýilmesi gowy, emma oňa derek «Wagtyňy ýitirmek — ömrüňi ýitirmek» diýilse, bize berlen ömür müddetiniň her pursat-pillesiniň gymmaty, ylaýta-da, pula deňärden has uly ähmiýeti hem dürs-dogry, hem dolulygyna açylýar. Diýmek, wagtyň sähelçesini-de, ýagny ujypsyzja ülşünem tygşytlamak — ömrüňi iňňän netijeli sarp etmegiň owal-ahyr talabydyr. Tygşytlylyk maşgaladan başlanýar

Atşynaslaryň alkyşy

Golaýda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Alkyş Size, şöhrat Size, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň atçylyk pudagynda zähmet çekýän işgärler, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlary we işgärleri hem-de bu ugra degişli ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Köňül şähri

Edil şeýleräk manydaky «Her zadyň öz wagty-sagady, ýeri bar» diýen sözler gepiň gerdişine göräräk aýdylagan. Bu diýseň-diýmeseň şeýle, hakykatdan-da, her zadyň öz wagty, sagady, ýeri bar. Uly uly ýerinde, kiçi-de tekrarlanyşyna görä, uludan kiçeldilen ýaly bolanda, tüýs diýmäjiniň diýmäjisine ogşaýar. Kynyň kyny, aňsadyň aňsady diňe ertekide bolýar. Durmuş — durmuş. Elbetde, göz giderlik, eşretli diýilýän durmuşa, ýaşaýşa «Edil ertekidäki ýaly» diýläýmesi bar. Mysal üçin, Arkadag şäherindäki durmuş häzirki türkmen aň inženeriýasynyň şähergurluşygy innowasiýasy boýunça ýatsaň-tursaň kelläňe gelmejek iň soňky gazanylanlaryny şeýle ýönekeýden ýakymly deňeşdirme diýseň deňeşdirmä, meňzetme diýseň meňzetmä şaplaşyp duran sözlere rowa gördi. Bu jümle «akylly» şäherde adam hakdaky aladanyňmy, hoşallygyňmy aňlatmasy bolsa gerek.

Taryhy taryply, toýy tutumly

Şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimize goýulýan hormat-sarpanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilendigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilip geçilen Türkmen bedewiniň milli baýramynyň biri-birine ulaşan dabaralarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirdik. Şol dabaralara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagy bolsa bu ählihalk baýramynyň taryha altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalaryň hatarynda mynasyp orun almagyny üpjün etdi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar behişdi bedewlerimize söýgi-buýsanjyň ebedilikdiginiň we egsilmezdiginiň güwäsine öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrülen çäreleriň dowamynda hormatly Prezidentimize atçylyk pudagyny ösdürmek baradaky aladalaryna çäksiz hoşallygyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan ajaýyp ahalteke bedewleriniň sowgat berilmegi halkymyzyň döwlet Baştutanymyzyň daşynda berkden-berk jebisleşendiginiň aýdyň kepili bolup dabaralandy.

Ösüşli geljegi nazarlaýan tutumlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly başlangyçlary bilen işlenip düzülen, uly ösüşli geljegi nazarlaýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmegiň ýakyn ýyllardaky wezipeleri göz öňünde tutulyp taýýarlanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýokary depginlerde durmuşa geçirilýär.   Ýurt möçberindäki ösüş maksatnamalarymyzda Diýarymyzyň günbatar sebitini ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Sebitiň geografik ýerleşişi, amatly tebigy we bioklimat aýratynlyklary, gazylyp alynýan çig mal serişdeleriniň baý we köpdürli ýataklary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň giň gerimli ösüşleri üçin ygtybarly binýady emele getirýärler. Özem Hazarýaka sebiti ösdürmek ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ykdysady taýdan oňyn täsirini ýetirýändigi bilen aýratyn ähmiýete eýedir. Hut şoňa görä-de, döwletimiziň ykdysady ösüşine gönükdirilýän düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň üçden iki bölegine golaýy welaýatymyzyň paýyna düşýär.  

Gurmagyň hem döretmegiň döwri

Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda gurmaga hem-de döretmäge esaslanýan döwlet syýasatymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýen dürdäne sözleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp hakykaty bolup dabaralanýandygyna her birimiz şaýat. Häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýetilen belent sepgitler, amala aşyrylan taryhy özgertmeler halkymyza baky bagtyýarlygy bagyş etdi diýip, buýsanç bilen aýtmaga doly hakymyz bardyr. Şol ýetilen belent sepgitleriň, taryhy özgertmeleriň netijesinde dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ymykly goşulan ýurdumyza söýgi-buýsanç bolsa her bir raýatyň kalbynda joş urýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ähli döwrebap amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlara, önümçilige degişli binalardyr desgalaryň sanynyň ýyl geçdigiçe artmagy halkymyzyň baky bagtyýarlygyň eýesidigini görkezýän anyk subutnamalardyr we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nyşanydyr.