ARKADAGLY ÝAŞLAR– USSAT TÜRGENLER

3 Maý 2024
314

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň bitirýän işleri bu gün bütin jahana äşgär. Olar sportda-da, ylymda-da, dürli hünärlere ussatlyk bilen erk etmekde-de Ýer ýüzündäki deň-duşlaryna görelde görkezýärler. Hut şu aýyň dowamynda ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş bolsa Arkadag Serdarly bagtyýar türkmen ýaşlarynyň ýurdumyzyň şanyna şan goşan täze üstünliklerine beslendi.

Bu ýaryşyň duşuşyklaryna köpimiz paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumyna baryp, köpimiz bolsa «mawy ýaýlym» arkaly tomaşa edendiris. Ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eden «Galkan» hokkeý toparyna toplumdan ýa-da öýden janköýerlik etmegimiziň parhy ýok, esasy zat, bir hepdäniň dowamynda dine paýtagtymyz däl, tutuş ýurdumyz hokkeý sportunyň jadysyna beslendi.

«Arkadagly Ýaşlar»