"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ak ýollar ak paýtagtda birleşýär

Diňe bir ýurdumyzyň ýollary däl, eýsem, halkara gatnaşyklarynda hem möhüm çözgütlere uzaýan ýollar türkmen paýtagtynda birleşýär. Dünýäniň iň möhüm ylalaşdyryjy we parahatçylygy dörediji merkezleriniň biri bolan ak şäherimiz bu goşa güýjüni gözelligine hem siňdirýär. Bu bolsa XIX asyryň segseninji ýyllarynda düýbi tutulan merjen paýtagtymyzyň barha juwanlaşmagyna şert döredýär. Aýdymlarda aýdylyşy ýaly, juwan şäher Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gaýtadan dünýä indi. Ol bu gün dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülýär. Bu günki gün Ýer ýüzüniň Nýu-Ýork, Pariž, Dubaý, London, Şanhaý, Er-Riýad, Sankt-Peterburg ýaly has iri we gözel şäherlerinden iş sapary ýa gezelenç maksady bilen paýtagtymyza sary ýola düşen her bir adamyň: «Men Aşgabada barýaryn» diýen sözleri buýsanç bilen aýdýandygyny eşidýäris. Hawa, biziň paýtagtymyz daşary ýurtlularyň ählisiniň gelip görmek isleýän gözelligine, täsinligine öwrülýär.

Aşgabat

Aşyklaryň şäheri, dag goýnunyň düri sen,Gül Zeminiň zynaty, dünýäň tylla-zeri sen,Dost-doganlyk halklaryň toý toýlaýan ýeri sen,Göýä, asmandan inen, sahypjemal peri sen,Arkadagyň yhlasy, ak bagtymyz Aşgabat,Aziýanyň merjeni paýtagtymyz Aşgabat. Göwün deý giň ýollaryň çar tarapa uzaýar,Gyzyl-elwan gülleriň giň gujagyň bezeýär,Depäňden tylla Güneş ýyly nurun gezeýär,Bir keşbiňi synlanlar ýene gelmä dyzaýar.Egsilmejek arzuwlar ak bagtymyz Aşgabat,Aziýanyň merjeni paýtagtymyz Aşgabat.

Göllerinde Gün dogýar

Milletimiziň dünýä mirasynyň sanawyna goşulan gymmatlyklarynyň hersinde kämilligiň çür başyna çykandygyna şaýatlyk edýän sypatlar aýyl-saýyl görünýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň göz we göwün nuruny siňdirip döreden nepis halylary-da dünýähalar gymmatlyk derejesine çykyp bilipdir. Göllerinde Gün dogýan halylar hem döräli bäri dünýäni haýran galdyryp gelýär. Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary hem göllerine şeýle yhlas-zehin siňdirip işleýärler. Haly dokamak her bir oba gyzynyň ilkinji hünäri bolýar diýsegem ýalňyş bolmasa gerek. Onda-da Halaç etrabynda, çeper halyçylyk kärhanasynyň ýetmiş-segsen ýyldan bäri şöhraty dünýä dolan sungaty ýene-de baýlaşdyryp, onuň mertebesini ýokary galdyryp gelýän ýerinde, haly dokamak esasy hünärleriň daşyndan hem hökman öwreniläýmeli, ýörediläýmeli hünär saýylýar. Islendik gyz maşgala ejesinden öwrener, doganyndan öwrener, halyçy obadaşynyňka gatnap öwrener welin, haly dokamak ýaly inçe sungaty hökman ele alar. Hernäçe inçe, çylşyrymly bolsa bolubersin, hökman öwrener. Olaryň hemmesi halyçy bolup işläbem ýörenok. Ýöne «Menem halyçy!» diýip buýsanç bilen aýdyp bilýärler.

Daragymy kakanymda bat bilen

Aknabat BASAROWA, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy, kärhananyň ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy:

Ajaýyp sungatyň waspy

Mähri BERDIÝEWA, Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:

Gözelligiň nusgasy ak mermerli Aşgabat

25-nji maý — Aşgabat şäheriniň güni Ata Watanymyzyň paýtagty ak mermere beslenen belent binalary, gür baglyga bürenen seýilgähleri, suw çüwdürimleri bilen dünýä nur saçýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda: «Aşgabat bu günki gün gözel baglara beslenen täsin seýilgähleriň, ajaýyp gülleriň şäheri hökmünde uly meşhurlyga eýedir» diýip belleýär. Aýna ýaly tämiz, giň köçeler, hoşboý ysly güller, kaşaň ymaratlar, ýadygärlikler, suw çüwdürimleri paýtagtymyza gelýän myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Aziýanyň merjeni bolan paýtagtymyzda halkara duşuşyklaryň, köpugurly sergi-ýarmarkalaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, döredijilik festiwallarynyň geçirilmegi kalbymyzda buýsanç duýgularyny döredýär.

Görki görenleri goýýar haýrana

25-nji maý — Aşgabat şäheriniň güni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde paýtagtymyz Aşgabadyň keşbi günbe-günden özgerýär, gözelligi barha artýar. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň merkezi hökmünde tanalýan Aşgabat Aziýanyň merjen şäherine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ak mermerli paýtagtymyzyň görenleri haýrana goýýan ençeme binalarynyň we desgalarynyň binagärligiň naýbaşy eserleri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, dünýäniň täsinlikleriniň hatarynda mynasyp orun almagy bizi aýratyn buýsandyrýar.

Bagtyýar şu günüň we beýik geljegiň kepili

«Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Şol ösüşleriň gazanylmagynda Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzyň berk hukuk binýady bolup durýandygyny, mukaddes ýaşyl Tugumyzyň bolsa al-asmanda pasyrdap durmak bilen, ýeňişlere, üstünliklere ruhlandyrýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr. Türkmen halkynyň täze taryhy eýýamda gazanýan uly üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri dünýäni haýrana goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlarynyň, badalga beren ägirt uly tutumlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde eziz Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýy has-da belende göterilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Bu ajaýyplyklaryň gözbaşynda durýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny, ýurdumyzyň syýasy-ykdysady we hukuk ýörelgelerini kesgitläp, ol bagtyýarlygymyzyň binýadydyr. Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda bellenilişi ýaly,

Ýöne bir uly däl, juda uly sen...

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabyndaky: «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri öz ady bilen hem-de gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýär» diýen jaýdar jümlesiniň many-mazmun çuňlugyna Köpetdagyň eteginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynda ýene bir ýola göz ýetirdik. Çünki akyldar şahyryň dürdäne şygyrlary üç asyr geçse-de, umumadamzat kalbynyň şuglasy, türkmeniň sözlär tili, ýüzüniň nurly tuwagy bolup, giň jahana ýalkym saçýar.

Ruhy sütünimiziň almaz täji

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy gymmatly edebi mirasy bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetdir. Ol türkmen halkynyň ruhy sütüniniň almaz täjine deňelmek bilen, dana söz ussadynyň: «Her sözüm bir dürdür gadryn bilene» diýip nygtaýşy ýaly, şahyryň her bir sözi, her bir setiri çäksiz umman deýin giden bir manyny, akyl-paýhasy, ynsanperwer garaýyşlary özünde jemleýär. Gymmatly pikirleri bize miras galdyran Magtymguly Pyragynyň dünýäde sarpalanmagy onuň halkara derejede ykrar edilen şahsyýetdigini açyk-aýdyň görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar» diýip belläp geçmegi hem munuň subutnamasydyr. Şonuň bilen birlikde, dünýäniň alymlary, edebiýatçylary, jemgyýetçilik işgärleri dana Pyragynyň edebi mirasyna ýokary baha berýärler. Ajaýyp şygyrlary dünýä beren beýik söz ussadynyň eserleri türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşen ynsanperwer ýörelgelerini, gymmatlyklaryny Ýer ýüzüne ýaýmakda hem aýratyn ähmiýete eýedir. Dünýä halklary Magtymguly Pyragynyň dürli dillere terjime edilen şygyrlary arkaly halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ruhy dünýägaraýşy, medeniýeti, şöhratly taryhy, edim-gylymlary bilen tanyş bolýarlar. Hut şonuň üçinem dana şahyryň türkmeniň ýürek owazy

Kalba ylham, egsilmez güýç

Halkymyzyň edebi mirasyny öwrenmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da  rowaçlyklara beslenýär. Özüniň ajaýyp eserleri bilen dünýä edebiýatynda görnükli yz goýan nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligi giňden wagyz edilýär. Dürdäne eserleri döredip, türkmen şygryýetiniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uly dabaralara beslenmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Akyldar özüniň kämil pikirlerini şahyrana beýan edip, ýürekleriň töründe orun alan beýik söz ussadydyr. Şonuň üçinem çeper söze aýratyn gadyr goýýan halkymyz Magtymgulynyň şygyrlaryny dilinde doga edinip, nesillerden-nesillere ýetirýär. Şahyryň çuň mazmuna ýugrulan ajaýyp goşgulary her bir adamyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň ruhy taýdan kämil, belent ahlakly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýedir.

Pyragy

Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,Diýaryň owadan, behişt parasy,Gül-gunçasy gara gözüň garasy,Göreý diýseň, tirsege gal, Pyragy!Diýaryňa seýrana gel, Pyragy! Atam, bu gün arzuwlaryň gülledi,Erkana, bagtyýar türkmen milleti,Garaşsyz, berkarar, beýik döwleti,Göreý diýseň, tirsege gal, Pyragy!Diýaryňa seýrana gel, Pyragy!

«Göwher daşyn ýüzük etseň mis bile»

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň eserlerinde ençeme gymmatbahaly daşlar agzalyp, olaryň, hususan-da, göwher daşyň gymmaty, zergärçilik sungaty, daşlaryň adam saglygyna peýdasy barada bellenip geçilýär. Akyldar şahyrymyzyň zergärçilik sungaty bilen meşgullanandygyna taryh şaýatlyk edýär. Rus etnografy Wladimir Zaletaýew: «Men magtymgulyşynaslaryň öňünde akyldar şahyryň zergärçilik sungatynda galdyran yzlaryny öwrenmek ýaly ýeňil bolmadyk, ýöne diýseň gyzykly işiň bardygy hakynda pikir edýärin. Düşünişime görä, onuň döreden şaý-sepleri-de nepisligi bilen tapawutlanýan bolmaly» diýip belläp geçýär. Dana Pyragy: Göwher daşyn ýüzük etseň mis bile,Gymmaty egsilmez, hormat ýagşydyr —

Ýaş zehinleriň joşguny

Watan «Watan» sözi — örän mukaddes kelam,Watan seniň ojagyňdan başlanýar.Sowuklarda mähri bilen ýyladan,Eneleriň gujagyndan başlanýar.

Jaň sesinde bagtyýarlyk ýaňy bar

Birigün ýurdumyzyň mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçiriler Soňky jaň. Üýtgeşik jadysy bolan jaň sesi hiç kimi biparh goýanok. Sebäbi ak mekdeplerde okuw tamamlanyp, mugallymlar uçurym bolýan okuwçylaryny uly durmuşa ýola salýarlar. «Soňky jaňyň» dabarasy ak ýollaryň açaryny elinde saklap barýan anyk maksatly ýaşlara ajaýyp, ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berýär. Olar asmana uçurýan ak kepderileri mysaly, mekdep döwründe alan bilim-terbiýelerinden ganatlanyp, çagalyk ýyllarynyň arzuwlaryna tarap uly höwes bilen uçýarlar. Mähriban mugallymlarynyň beren bilimi, terbiýesi, mähri, söýgüsi, yhlasy, goldawy olara uly hemaýat berýär.

Haly

Naýbaşy gül görki, zynaty bilen,Meşhur halylarmyz dünýä seýranda.Dilleriň senasy, sungatlar täji,Görenleriň aklyn goýýar haýranda. Gözlere sygmaýan ajaýyp, gözel,Sünnälidir her çitimi, öýdümi.Bakdygyňça gelýän ýaly gulaga,Zenanlaryň ýüreklerniň aýdymy.

Gözegçiliksiz otdan seresap bolmaly

Gaz peçleriniň ýakylandan soňra uzak wagtlap gözegçiliksiz galdyrylmagy, olaryň ýakynynda ýanyjy materiallaryň goýulmagy, tebigy gazy eltmek üçin peje rezin geçirijiniň çekilip, onuň bolsa gyzgyna eremegi, pejiň ýanyjy materiallaryň üstünde oturdylmagy ýangynyň döremegine sebäp bolýar. Ýyladyjy we hammamdaky peçleriň tüsseçykarlary her üç aýdan bir gezek, aşhana peçleriniň tüsseçykarlary bolsa her iki aýdan bir gezek doly arassalanmalydyr. Olaryň hapalanmagynyň we beýleki näsazlyklarynyň uly adamlaryň hem-de çagalaryň ýanan gazyň tüssesi bilen zäherlenmegine alyp barýan halatlary, gynansak-da, duş gelýär. Ugar gazy bilen zäherlenmäniň derejesi bolsa onuň adamyň bedenine  düşen mukdaryna bagly bolýar. Ugar gazy bilen zäherlenen adama ilkinji kömegi bermeli bolanda, ony, ilki bilen, açyk howa çykarmaly, aýnalary açmaly, gysýan eşiklerini açyşdyrmaly. Zäherlenen adam özüni bilýän bolsa, oňa çaý, kofe içirmeli, eger-de özüni duýmaýan bolsa, arassa hasany naşatyr bilen ölläp ysgatmaly, ellerini, aýaklaryny owkalamaly. Şeýdilende, bedende gan aýlanyşygy güýçlenýär. Ugar gazyndan zäherleneniň ýagdaýy has agyr bolan halatynda gyssagly ýagdaýda öý telefonyndan 03 belgä, el telefonyndan 003 belgä jaň edilip, «Tiz kömek» çagyrylmalydyr.

Rubagylar

Watan ykballara ak ýoly açdy,Bagt guşumyz gökde erkana uçdy.Onuň galkyndyran ýyly mähiri,Ýürekleň törüne ýagty nur saçdy.*  *  *Ýaşa, bu asmany, zemini söýüp,Olary söýmäni ýaşamak aýyp.Bagtlysyň munda borjuň bitirip,Hem gitseň nusgalyk işlerňi goýup.*  *  *Ençe ykbal, ençe syr bar toprakda,Tarypyny etseň azdyr ol hakda.Tebigaty adalatly bolansoň,Oňa söýgi orun aldy gursakda.*  *  *Bu pasyllar bir-birini goldaýar,Olar bir-birinden üzňe bolmaýar.Şonuň üçin rysgal ýagyp asmandan,Zemin üsti her baharda gülleýär.*  *  *Dürs çalnyp aýdylsa aýdym-sazymyz,Gül açyp, gülleýär göwün ýazymyz.Durmuş küşt oýny deý, käte «dürs göçmän»,Şowsuzlyga sebäp bolýas özümiz.*  *  *Eý, dostum, oýlan-da bir käri belle,Iki garpyz tutdurmazmyş bir elde.Tebigat özbaşdak oýlansyn diýip,Her kime beripdir üýtgeşik kelle.*  *  *Zehin berilmese bolmak kyn bagşy,Her bir zat tebigy dörese ýagşy.Sungatam ösmeli, şoň üçin döwür,Bizden talap edýär täze bir «nagşy».*  *  *Her bir zadyň bilip ýagdaýyn, tabyn,Awçy bilmelidir awlajak awun.Öz süýjüsi özün ýarýar kämahal,Ýolunmany galsa ir bişen gawun.*  *  *Bürgüde diýýärler daglaryň guşy,Daglardyr olaryň göwnüniň hoşy.Beýikler

Gawun sakçysynyň teläri

Düme ýerlere ekin ekip, hasyl almak halkymyzda irki döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Sebäbi suwuň kemterlik etmegi sebäpli, halkymyz ýagýan ygallary isrip etmän ýygnap alyp ulanmaga çalşypdyr, ýyl ygally gelende, ýagyş suwlaryny oýtak ýerlere akdyryp, düme gawun-garpyz ekmegi däp edinipdir. Adatça, obadan onçakly uzak bolmadyk ýerde birnäçe hojalygyň gawun-garpyz ekmek üçin düme ýeri bolýar. Şol ýerleriň eýeleri jem bolup, gawun-garpyz ekipdirler. Haçan-da gawundyr garpyz gögerip, iki gulak bolanda, ekini goramak üçin sakçy zerurlygy ýüze çykýar. Düme ekin ekenler ýygnanyşyp, bu barada geňeş edýärler, pikir alyşýarlar. Ekin eýeleriniň arasynda sakçylyga döwtalap kişi tapylsa, şol hem gawun sakçysy bolýar. Köplenç, ýaşy ulalyşyp, öýde oturan kişi gawun sakçylygyny boýun alýar. Onuň sakçylyk etjek ýerinde, köplenç, iki gatdan ybarat, agaçdan edilen üsti basyrylgy beýik telär esasy orny tutýar. Teläriň birinji gatynda çaý içilýär, nahar iýilýär, ikinjisinde bolsa töwerege gözegçilik edilýär, ýatyp dynç alynýar. Mundan başga-da, gamyşdan edilen küme, onuň içinde bolsa suw guýulýan çelek ýerleşýär. Gawun-garpyzyň bişip başlamagy bilen, sakçynyň işi köpelýär. Çünki ekine mal-gara düşmez ýaly gözegçiligi güýçlendirmeli hem-de gije sak durup, kirpiden, şagaldan gawun-garpyzy goramaly.

Aşgabat — milli binagärligiň merjeni

Bu günki gün gözel paýtagtymyz Aşgabat özüniň ajaýyp keşbi, ak mermerli binalary bilen haýran galdyrýar. Aşgabat şäheri indi ençeme ýyllardan bäri özüniň geçmiş taryhy, şu güni babatda taryhçylaryň, alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Alymlar şäheriň döreýiş taryhy we onuň adynyň gelip çykyşy barada dürli pikirleri orta atýarlar. Mälim bolşy ýaly, köp taryhy çeşmelerde Aşgabat şäheriniň 1881-nji ýylda dörändigi barada maglumat berilýär. Taryhçy alym Öwez Gündogdyýew özüniň «Aşgabat — keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda paýtagtymyzyň 1881-nji ýylda ýurdumyzyň häzirki çäginiň dolandyryş merkezi hökmünde dörändigini, aslynda bolsa, Aşgabadyň has gadymy döwürde — 2 müň 500 ýyl mundan ozal düýbüniň tutulandygyny belläpdir. Alymlar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan arheologiýa tapyndylary hem Aşgabadyň has irki döwürlerde dörändigini tassyklaýar.