Bagtyýar şu günüň we beýik geljegiň kepili

22 Maý 2024
389

«Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Şol ösüşleriň gazanylmagynda Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzyň berk hukuk binýady bolup durýandygyny, mukaddes ýaşyl Tugumyzyň bolsa al-asmanda pasyrdap durmak bilen, ýeňişlere, üstünliklere ruhlandyrýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr.

Türkmen halkynyň täze taryhy eýýamda gazanýan uly üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri dünýäni haýrana goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlarynyň, badalga beren ägirt uly tutumlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde eziz Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýy has-da belende göterilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Bu ajaýyplyklaryň gözbaşynda durýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny, ýurdumyzyň syýasy-ykdysady we hukuk ýörelgelerini kesgitläp, ol bagtyýarlygymyzyň binýadydyr. Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir». Ine, şu sözleriň özem ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň, ilkinji nobatda, adamlaryň hukuklaryny, bähbitlerini, azatlyklaryny goramaga gönükdirilýändiginiň, şonuň bilen birlikde hem Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlarynyň Esasy Kanunymyzdan ugur alýandygynyň subutnamasydyr.

Baýrammyrat Hajymämmedow,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.