"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry) Eziz watandaşlar!Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar!Gadyrly myhmanlar! Şu gün iki ýurduň durmuşynda taryhy waka bolup geçýär. Bu gün Türkmenistanyň we Owganystanyň özara gatnaşyklarynyň sene ýazgysyna şanly sahypa bolup girer. Biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ençeme iri möçberli taslamalaryň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygynyň şaýady bolýarys.

Türkmenistan — Owganystan: hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

11-nji sentýabrda energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. Dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund gatnaşdy. Ir bilen Mary welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň «Islim-Çeşme» serhet nokadyna bardy. Soňra Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund bu ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň Molla Mohammad Hasan Ahundy bilen duşuşygy boldy.

Ilçi işe başlady

12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Rožadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli işlemegi arzuw etdi.

Dost-doganlyk gatnaşyklary

10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandaryň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi.

Ilçi işe başlady

12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Rožadan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň çäklerinde diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasy ugry bilen tanyşdyryldy.

Ilçi işe başlady

12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Rožadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli işlemegi arzuw etdi.

Ilçi işe başlady

12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Rožadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli işlemegi arzuw etdi.

Iş maslahaty geçirildi

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanda Wengriýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Ýožef Rožany Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň belent şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan Size aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn-da, Siziň Alyhezretiňize meniň iň gowy arzuwlarymy, tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Ulag ulgamy — milli ykdysadyýeti we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugry

Ýurdumyzyň içerki we daşarky ulag arabaglanyşygy üçin ähli şertleriň döredilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň köptaraply ösdürilmeginiň ähmiýeti barha artýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ösüşine, Türkmenistanyň Ýewraziýanyň söwda-ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda çäk taýdan ýerleşişiniň amatlyklaryndan dolulygyna peýdalanmaga şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Uzynlygy 600 kilometre ýetýän awtobanyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny we logistik hyzmatlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmaga, awtoulag ýük daşamalaryny artdyrmaga, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşine ýardam eder.

Türkmenistanda Wengriýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Ýožef Rožany Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň belent şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan Size aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn-da, Siziň Alyhezretiňize meniň iň gowy arzuwlarymy, tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry) Eziz watandaşlar!Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Täze taryhy tapgyryň gözbaşy

Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýän Garaşsyz Türkmenistanyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň syýasy zehininden kemal tapyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän «Açyk gapylar» syýasaty döwletleriň, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna barylýan günlerde, has takygy 11-nji sentýabrda hem şeýle taryhy wakalaryň birnäçesiniň şaýady bolduk.

«Akylly» şäheriň dünýä şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan döreýän her bir eser ýüreklerde orun alýar. Olardan diňe bir halkymyz däl, eýsem, dünýä ynsanlary ylhamlanýar. Milli Liderimiziň binagärlik ylhamyndan kemala gelen Arkadag şäheriniň owadan dünýäsi-de bu gün Zemine şugla çaýýar. Arkadag şäheriniň ulus-il bolup, dünýäniň çar künjünden myhman çagyrylyp, toý desterhany giňden ýazylyp açylanyna ýaňy bir ýyl gowrak bolandygyna garamazdan, gözel künjekde mekan tutan akylly şäher eýýäm kalplara aralaşdy.

Belent maksatlary nazarlap

Garaşsyz Diýarymyzda halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegi, ornaşdyrylýan täzeçillikler, innowasion özgerişler netijesinde milli ykdysadyýetimizde ägirt uly ösüşler gazanyldy. Milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny häsiýetlendirýän görkezijileriň biri hem maýa goýum işjeňligidir. Paýtagtymyzda 10-11-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergi hem ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine bagyşlandy. Dünýäniň abraýly bilermenleriniň, nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagynda geçen bu iri forumda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän daşary we içeri syýasatyň netijesinde ýurdumyzda maýa goýumlarynyň ýokary depginli ösüşiniň gazanylandygyna aýratyn üns gönükdirildi. Şeýle gysga döwürde ýüzlerçe önümçilik desgalarydyr durmuş-medeni maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurulmagy ýurduň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny görkezýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz maýa goýum forumynda sanly ulgam arkaly eden Çykyşynda: «Durnu

Ynamdan gül açýan ýollar

Taryha şan berýän döwrümizde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlisine wise-başlyklyga saýlanmagy, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi-de muňa şaýatlyk edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigi baradaky hoş habar bolsa hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr» diýen sözleriniň bu günki gün iş ýüzünde öz beýanyny tapýandygyny dünýä äşgär etdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ysnyşykly halkara gatnaşyklaryny goldaýar, parahatçylygyň we adalatlylygyň belent maksatlarynyň bähbidine bilelikde işlemäge, BMG-niň öňün

Maksatlar — aýdyň, işler — anyk, netijesi — abadan durmuş

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde   Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň hem-de ugurdaş sergileriň geçirilmegi, energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi Bitarap Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda örän ynamly gadamlar bilen barýandygyny äleme äşgär etdi. Diňe bir sebitiň däl, dünýä döwletleriniň ykdysady ösüşine, halklarynyň medeni ýaşaýyş-durmuşyna oňyn täsirlerini ýetirjek bu döwletli işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göteren wakalar bolup taryhyň gatyndan şugla saçar. Döwletiň ykdysady kuwwaty — ilatyň durmuş abadançylygy

Gijeleri gündiz bilen bäsleşýär

Güneşli Diýarymyzyň ösüşlere beslenip, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna barýan häzirki günlerinde amala aşyrylýan işler il-günümiziň şatlygyny has-da belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Arkadag şäherine bolan iş sapary hem halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy baradaky aladanyň näderejededigini şöhlelendirdi. 7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadag  şäherine iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we «akylly» şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Döwletli geňeşe barýarys

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda ýurdumyzda halk bähbitli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, şeýle hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarda täze sepgitlere ýetirmek, taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen döredilen bu ýokary wekilçilikli edara halkymyzyň taryhdan öz gözbaşyny alyp gaýdýan maslahatlaşmak däbiniň aýdyň subutnamasydyr.