Ynamdan gül açýan ýollar

12 Sentýabr 2024
35

Taryha şan berýän döwrümizde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlisine wise-başlyklyga saýlanmagy, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi-de muňa şaýatlyk edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigi baradaky hoş habar bolsa hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr» diýen sözleriniň bu günki gün iş ýüzünde öz beýanyny tapýandygyny dünýä äşgär etdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ysnyşykly halkara gatnaşyklaryny goldaýar, parahatçylygyň we adalatlylygyň belent maksatlarynyň bähbidine bilelikde işlemäge, BMG-niň öňünde durýan maksatlary we wezipeleri amala aşyrmaga taýýardygyny özüniň alyp barýan ynsanperwer, dostlukly syýasatynyň üsti bilen hemişe subut edýär. Saglyk, sport bilen baglanyşykly gatnaşyklar bolsa täze, ösüşli derejä galdy. Çünki Gahryman

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.