"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 19-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Hususan-da, milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 13-nji iýulynda geçirilen altynjy maslahatynyň jemleri barada habar berildi. Maslahatda Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk bilen baglanyşykly Kanunlara we başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumaty diňlenildi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Zambiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! Ýurdumyzyň Hökümetiniň biziň döwletlerimiziň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, iki ýurduň bähbitlerine dürli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz toplumy, oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklamak isleýärin.

Resmi habar

“Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy we peýdalanylmagy bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi hem-de degişli ýygymlaryň möçberi tassyklanyldy.

Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. ÝUNISEF-iň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, soňky ýyllarda bilelikdäki möhüm taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilendigini nygtady.

Ilçi işe başlady

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk ýurduň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Gazagystanda Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Sowatly nesil — geljegi sowgatly halk

Hünärmenleri taýýarlamak döwletimiziň ykdysady we ylmy-aň kuwwatyny artdyrmagyň möhüm şertidir Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 15-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy. Degişli resminama görä, okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Ýakynda ýurduňyza amala aşyran saparymyň dowamynda maňa we meniň ýanymdaky wekiliýete bildirilen myhmansöýerlik üçin Size hem-de Türkmenistanyň Hökümetine, halkyna tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Aşgabada bolan saparym mahalynda maňa we meniň wekiliýetime bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin. Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň bitaraplyga ygrarlydygyna mynasyp baha berilýär. Men hem Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge, howanyň üýtgemegi, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak bilen bagly meseleleri çözmäge hut özüňiziň gatnaşýandygyňyza we liderlik edýändigiňize ýokary baha berýärin.

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Serdar Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklary — adamzadyň mirasy

Türkmenistan halkymyzyň gadymy taryhynyň we örän baý medeniýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýän bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynalara we gymmatlyklara eýedir. Milletimiziň özboluşly mirasy aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gymmatly ruhy hazynadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn döwlet syýasaty netijesinde taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamaga, milli mirasymyzy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan çapa taýýarlanan Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri ýurdumyzda ilkinji gezek kitap görnüşinde neşir edildi. Bu sanaw taryhy-medeni goraghanalaryň, ýerli dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri hem-de işgärleri üçin niýetlenendir. Türkmen topragynda Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýaly dünýäniň ilkinji ekerançylyk medeniýeti bolan ýadygärlikler bar. “Nusaý”, “Köneürgenç”, “Gadymy Merw”, “Gadymy Dehistan”, “Kerki”, “Abiwerd”, “Köne Sarahs” we “Gökdepe galasy” döwlet taryhy-medeni goraghanalary diýlip yglan edilen özboluşly muzeýlerdir. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ýadygärlikleri bolsa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Aşgabada bolan saparym mahalynda maňa we meniň wekiliýetime bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin. Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň bitaraplyga ygrarlydygyna mynasyp baha berilýär. Men hem Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge, howanyň üýtgemegi, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak bilen bagly meseleleri çözmäge hut özüňiziň gatnaşýandygyňyza we liderlik edýändigiňize ýokary baha berýärin.

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Ýakynda ýurduňyza amala aşyran saparymyň dowamynda maňa we meniň ýanymdaky wekiliýete bildirilen myhmansöýerlik üçin Size hem-de Türkmenistanyň Hökümetine, halkyna tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Aýdyň maksatlar — aýdyň menziller

Berkarar döwletimiziň dünýäniň syýasy, ykdysady giňişliginde özüniň ornuny pugtalandyrmagy, maksatnamalaýyn esasda, arabaglanyşykly, utgaşykly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň ösüşlere beslenýän ykdysady strategiýasynyň görkezijisi bolup durýar. Ajaýyp zamanamyzda asyrlary nazarlaýan tutumlaryň başlangyjyny goýýan wakalaryň her biri göwünlere ganat bagladýar. Her bir başlangyjyň üstünlige beslenmegi bolsa ösüşlere tarap barýan ýolda halkymyzyň öňünde anyk maksatlaryň, kesgitli wezipeleriň goýulýandygy, olary amala aşyrmak üçin mynasyp şertlerdir mümkinçilikleriň döredilýändigi bilen baglanyşykly. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň öňümizdäki alty aýynyň hem il-ýurt bähbitli işlere, üstünliklere, halkara ähmiýetli wakalara beslenjekdigine hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdylanlardan hem göz ýetirdik. Geçirilen giňişleýin mejlisde 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda durmuşa geçirilen işleriň jemlerini jemlemek bilen bir hatarda öňde durýan wezipeler hem kesgitlenildi. Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylaryň hormatly Prezidentimize beren hasabatlary geçen ýarym ýylda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlen çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilendigini äşgär görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Düýpli özgertmeleriň ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly başyny başlan tutumlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň täze depginlerine eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamany kabul etmegi hem hormatly Prezidentimiziň dünýäniň durnukly ösüşiniň strategik meseleleri bilen baglanyşykly öňe sürýän başlangyçlarynyň ählumumy goldawa eýe bolýandygyny görkezýär. Ajaýyp zamanamyzda ähli ugurlar boýunça alnan belent badyň ýylyň-ýylyna durnukly ösüş depginini saklaýandygyna bolsa hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Mejlisde şu ýylyň alty aýynda edilen işler barada hormatly Prezidentimize berlen hasabatlarda geçen alty aýda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygy aýdyldy. Bu görkezijiniň senagat pudagynda 3,6 göterime, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda 9,3 göterime deň bolandygy ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçir

Buýsanjyň, baýlygyň, bagtyň Diýary

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary hem-de raýatlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen Watanymyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak babatdaky asylly işler rowaçlyklara beslenýär. Ähli ulgamlarda ýokary netijeleriň gazanylmagy, belent sepgitlere ýetilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ösüş-özgerişli ýoluny mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşi

Raýatlaryň durmuş goraglylygy

Berkarar döwletimizde durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady binýady kuwwatlanyp, raýatlarymyzyň ýaşaýyş şertleri yzygiderli gowulanýar. Döwletimizde kabul edilýän il-ýurt bähbitli kararlar, durmuşa geçirilýän maksatnamalar, ilkinji nobatda, raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, amatly şertleri döretmäge gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekdi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe  bolup, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 5-nji maddasynda kesgitlenilen «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýen kadanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwür we bagtly çagalyk

Garaşsyzlygyň ýyllary içinde ýurdumyzyň her bir raýatyny, her bir maşgalasyny durmuş taýdan doly goramaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan kanunlar we kadalaşdyryjy resminamalar kabul edildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we maşgala kanunçylygynda döwlet tarapyndan maşgalanyň atalygyň, eneligiň we çagalygyň goraglylygyna aýratyn üns berilýär. Olary goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň üpjünçiligi we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň esasy maksady bolup durýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipeleriň düzüminde maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem mynasyp paýy bar. Şonuň bilen birlikde, çagalaryň hukuk goragyna degişli kanunçylygy kämilleşdirmek «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» hem-de Türkmenistanyň Maşgala, Zähmet, Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksleri bilen düzgünleşdirilendir. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň üçünji bölüminde döwlet kömek pullary barada giňişleýin durlup geçilýär. Döwlet kömek puly — döwletiň ilaty du

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Milli önümler dostlukly ýurtda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürilýär. Munda iki doganlyk hem-de goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn tagallalaryna hem-de şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Ýakynda Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisiniň we işewürlik ugurly beýleki çäreleriň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanda öndürilen dürli görnüşli önümleriň milli sergisi ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, türkmen telekeçileriniň işiniň has-da giňemegine ýardam eder. Dostluk köprüleriniň binýadyny berkidýän şeýle sergilerdir ýarmarkalar diňe bir goňşy döwletler bilen däl, eýsem, dünýäniň ösen döwletleriniň ençemesinde yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz Jalpa Ratnany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ilki bilen, ony BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.