Döwür we bagtly çagalyk

18 Iýul 2024
184

Garaşsyzlygyň ýyllary içinde ýurdumyzyň her bir raýatyny, her bir maşgalasyny durmuş taýdan doly goramaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan kanunlar we kadalaşdyryjy resminamalar kabul edildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we maşgala kanunçylygynda döwlet tarapyndan maşgalanyň atalygyň, eneligiň we çagalygyň goraglylygyna aýratyn üns berilýär. Olary goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň üpjünçiligi we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň esasy maksady bolup durýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipeleriň düzüminde maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem mynasyp paýy bar. Şonuň bilen birlikde, çagalaryň hukuk goragyna degişli kanunçylygy kämilleşdirmek «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» hem-de Türkmenistanyň Maşgala, Zähmet, Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksleri bilen düzgünleşdirilendir. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň üçünji bölüminde döwlet kömek pullary barada giňişleýin durlup geçilýär. Döwlet kömek puly — döwletiň ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň bir bölegi bolup, raýatlaryň kömek puluna hukugy ýüze çykanda, olara pul görnüşinde berilýän kömege düşünilýär. Kodeksiň 55-nji maddasynda: wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly; göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly; çaga doglanda berilýän döwlet kömek puly; çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly; maýyplyk boýunça döwlet kömek puly; Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanyň ýanýoldaşyna bellenilýän döwlet kömek puly; döwlet durmuş kömek puly ýaly döwlet kömek pullarynyň görnüşleri bellenilýär. 

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.