"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we döredijilik taglymlaryny ilerledýär

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ruhy baýlygyny artdyrmak, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. 12-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy Astana şäherinde 9-njy awgustda geçirilmegi meýilleşdirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitini we ikitaraplaýyn duşuşygy Ýaponiýada bolup geçen güýçli ýertitreme bilen baglylykda yza süýşürmek baradaky teklibi goldandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýada bolup geçen ýertitreme baradaky habary gynanç bilen kabul edendigini belläp, ähli türkmen halkynyň adyndan we hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ähli ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylaraHormatly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Adam hakynda alada — durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş maksady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Lukman Arkadagymyz gür baglyga bürenen, ekologik taýdan amatly howa gurşawy bolan şypahananyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni Watanymyz üçin taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Şunda demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna, adam hukuklarynyň goralmagyna, raýat jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Sagdyn durmuş ýörelgeleri rowaçlanýar

14-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlaryň saglygyny goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, raýatlaryň zähmet rugsady döwründe rahat dynç almaklary üçin şertleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatda ileri tutulýan wezipelerdir. Bu syýasatyň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi durýar.

Agzybirligiň we jebisligiň aýdyň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen netijeli ösüşler guwandyryjy häsiýete eýe boldy. Merdana halkymyzyň medeni we ykdysady durmuşyny özgertmegiň aýdyň, anyk ýollary kesgitlenildi. Ata Watanymyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimizde demokratik başlangyçlary ösdürmek, raýat jemgyýeti edaralarynyň işjeňligini has-da ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Merdana halkymyz uzak taryhy döwrüň dowamynda döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň özboluşly nusgasyny kemala getiripdir. Milli demokratik ýörelgelerimize esaslanyp, halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň eşretli durmuşyny nazarlaýan çözgütleri kabul etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahaty möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Milli demokratiýanyň nusgasy

Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän halk bähbitli, döwlet ähmiýetli nusgalyk işler biri-biriniň üstüni ýetirip, geljekki ösüşler üçin täze gözýetimleri açýar. Berkarar döwletimiziň mynasyp ösüşlerini, mähriban halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan beýik işler, aýdyň maksatlar arkaly ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzda halk bilen döwletiň jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, ilkinji nobatda, ilimiziň agzybirligine we jebisligine aýratyn üns berýär. Agzybirligi, jebisligi, durmuş ýörelgesine öwrüp, ony asyrlarboýy dowam edip gelýän merdana ilimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir döwletli başlangyçlaryny, ählumumy bähbitleri nazarlaýan taryhy tutumlaryny, uzak geljege gönükdirilen özgertmelerini tüýs ýürekden goldaýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak bellenildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ruhubelentlikde geçiriljek döwletli maslahatda il-ýurt bähbitli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar, ýetilen sepgitlere ser salnyp, öňde durýan möhüm wezipeler kesgitleniler. Şanly ýylda geçiriljek umumymilli forum dana Pyragynyň

Eziz Watan ýürekleriň buýsanjydyr

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ösüşlere beslenýän her bir güni eziz Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrýan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokary götermäge gönükdirilen, «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyň durmuşa geçirilýändigini aýdyň subut edýän wakalara beslenýär. Şu günler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmäge uly taýýarlykly barylýar. Berkarar döwletimizde gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri, dünýä ýaýyp ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy meselelerini ilatyň giňden gatnaşmagynda maslahat etmek milli demokratiýamyzyň adalatly ýoludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň şan-şöhratly taryhynda halk bilen döwletiň jebisligini gazanmakda ata-babalarymyzyň asylly durmuş ýörelgeleri yzygiderli ösdürilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň dowamynda döwletliligi özüne hemra edinen halkymyzyň her bir işe başlanda «Ýedi ölçäp, bir kes», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» ýaly durmuş tejribesi ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine wepalydyklaryny subut edýär. Watanymyzyň şan-şöhratly taryhy bar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň abadançylygyny, döwletimiziň berkararlygyny, halkymyzyň bolelin ýaşaýşyny, bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler ýerine ýetirildi. Bu ýyllarda saglyk ulgamynyň ösdü

Nesil terbiýesinde gymmatly hazyna

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen ata Watanymyz asudalygyň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň, ajaýyp ösüşleriň ýurduna öwrüldi. Ynsan ömrüniň many-mazmuny bitirilen işler bilen ölçenilýär. Eziz Watana bagyşlanan ömürler bakylyga, röwşen geljege uzaýar. Munuň şeýledigine biz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban atasy, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň manyly ömür ýoluna ser salanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Halk Maslahaty — kämil geljegi gurmagyň aýdyň ýoly

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri, şeýle hem öňde duran möhüm wezipeleri maslahatlaşmak we oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň gülläp ösüşi, ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler we jemgyýetimiziň abadançylygy agzybir halkymyzyň yhlasynyň, tutanýerli zähmetiniň miwesidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda halk demokratiýasy dabaralanýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda türkmen jemgyýetinde demokratik başlangyçlary ösdürmek, raýat jemgyýeti edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Çünki her güni taryhyň sahypalaryna nagyşlanýan beýik ösüşlerimiziň ählisi halkymyzyň bagtyýar, abadan hem bolelin durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

AMANMYRADOW K. hakynda Amanmyradow Kakamyrady, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo we ýurduň halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Joko Widodo tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Indoneziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy awgusty) Hormatly döwlet Baştutanlary!

Welosipedli gezelenç

14-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi. Welosiped ekologik taýdan arassa ulag hökmünde ykrar edilendir. Gahryman Arkadagymyzyň ilaty welosiped sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistanda möhüm seneler mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar. Welosipedli ýörişler dünýäniň köp ýurtlarynda dürli durmuş, sport, ekologik taslamalary goldamak üçin geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda ýurdumyzda sportuň bu görnüşi işjeň ösdürilýär. Ilat arasynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň tarapdarlaryny artdyrmak üçin tagallalar edilýär.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

12-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýry-aýry meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Ylym-bilim ulgamy — döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady

Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şu maksatlar bilen, milli ylym-bilim ulgamynyň hukuk esaslary pugtalandyrylyp, bu ugurlaryň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagy boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Iri halkara guramalar, ylmy merkezler bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki ugurdaş düzümlerde ylmy barlaglaryň üstünlikli geçirilmegi, bu babatdaky işleriň giň gerime eýe bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara baglanyşykly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmekleri üçin yzygiderli çäreler görülýär. Häzirki wagtda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmeni

Ylym-bi­lim ul­ga­my — döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­niň bin­ýa­dy

Ylym-bi­lim ul­ga­my­ny, hu­su­san-da, hä­zir­ki in­no­wa­si­ýa­lar we ösüş eý­ýa­myn­da döw­le­tiň öňün­de dur­ýan me­se­le­le­riň oňyn çö­zül­me­gi­ni üp­jün et­mek we­zi­pe­si du­ran giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ýo­ka­ry bi­lim­li ýaş­la­ry taý­ýar­la­mak işi­ni kä­mil­leş­dir­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän döw­let Baş­tu­ta­ny­myz röwşen geljegi nazarlaýan öz­gert­me­le­riň çuň­ňur yl­my bin­ýa­dy­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi üçin ylym ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi ug­run­da giň ge­rim­li çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Şu mak­sat­lar bi­len, mil­li ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň hu­kuk esas­la­ry pug­ta­lan­dy­ry­lyp, bu ugur­la­ryň dü­züm­le­ýin döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça mö­hüm çöz­güt­ler ka­bul edil­di. Iri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, yl­my mer­kez­ler bi­len ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­myn­da uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ryn­da, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de we beý­le­ki ugur­daş dü­züm­ler­de yl­my bar­lag­la­ryň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi, bu ba­bat­da­ky iş­le­riň giň ge­ri­me eýe bol­ma­gy üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Şun­da yl­myň, bi­li­miň, ö

Bagtyýarlyk gadamlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady giňişliginde özüniň ornuny tapmagy, maksatnamalaýyn esasda, arabaglanyşykly, utgaşykly ösdürilmegi we bazar-ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň ösüşlere beslenýän ykdysady strategiýasynyň görkezijisi bolup durýar. Hepdäniň wajyp wakalaryna gysga setirleriň üsti bilen okyjylarymyzyň ünsüni çekmegi makul bildik. Ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hem dostlukly gatnaşyklarynyň gerimi barha giňeýär. Bu babatda 12-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde hem kanagatlanma bilen bellenilip geçildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar deňhukuklylyk, milli bähbitleri, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak ýörelgeleri esasynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmek, halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy, soňky ýyllarda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň we ýerine ýetirilen işleriň netijesinde ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik, uzak möhletleýin häsiýete eýe bolandygy hakda pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy awgusty) Hormatly döwlet Baştutanlary!

Halkyň ýürek sedasy

Il-ýurt, döwlet bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmek halkymyzyň öňden gelýän asylly dessurlarynyň biri bolup, ol şu günki bagtyýar zamanamyzda-da özüniň asylly dowamyny tapýar. Ululy-kiçili toýlary, islendik tutumy maslahatdan başlamak türkmen durmuşyna mahsus aýratynlyk. Hut şonuň üçinem ata-babalarymyz geňeşli biçilen donuň gysga bolmaýandygy baradaky nakyly durmuş ýörelgesine öwrüpdirler. Edil Magtymgulynyň şygyrlary ýaly, agzybirlik, ula sarpa goýmak, geňeşli ädim ätmek baradaky nakyllary durmuşyň öwrümlerinde türkmeniň islendik ýaşlylarynyň dilinden eşitmek bolýandygy hem hut şonuň üçindir. Nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň eserlerine nazar aýlasaň-da, dessanlarymyzdyr eposlarymyzy okasaň-da, dürli wakalaryň başlangyjynda hökman il-halkyň geňeş edişi bilen baglanyşykly wakalar gabat geler. Sebäbi maslahat, geňeş etmek — agzybirligiň nyşany. Birek-birege hormat-sarpanyň görkezijisi. Diňe bir ýaşuly kişiler däl, eýsem, dürli ýaşdaky adamlaryň gatnaşdyrylyp, olaryň pikirleriniň diňlenilmegi maslahatyň miweliligini üpjün edipdir. Netijede, geňeşli urlan gadamlar üstünlige alyp barypdyr. Muny biz taryhyň sahypalaryna nazar aýlanymyzda-da görüp bilýäris. Şu babatda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary islendik geňeşde dogry ýol salgy beriji şamçyrag bolup gelipdir. Häzirki ajaýyp zamanamyzda halk bilen geňeşip, bizi beýik işlere şaýat eden Gahryman Arkadagymyz, peder

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň mekanynda

Her bir raýatyň we tutuş jemgyýetiň saglygyny egsilmez baýlyga deňeýän Garaşsyz Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlaryň saglygyny goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, raýatlaryň zähmet rugsady döwründe rahat dynç almaklary üçin şertleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatda ileri tutulýan wezipelerdir. Bu syýasatyň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi durýar. 14-nji awgustda hormatly Prezidentimiziň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etmegi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky nyşanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjiň dowamynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän dünýä derejeli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini synlady. Ýakymly howa gurşawynyň we ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş ulgamynyň bolmagy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň meşhurlygyny has-da artdyrýar.