Halkyň ýürek sedasy

15 Awgust 2024
184

Il-ýurt, döwlet bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmek halkymyzyň öňden gelýän asylly dessurlarynyň biri bolup, ol şu günki bagtyýar zamanamyzda-da özüniň asylly dowamyny tapýar. Ululy-kiçili toýlary, islendik tutumy maslahatdan başlamak türkmen durmuşyna mahsus aýratynlyk. Hut şonuň üçinem ata-babalarymyz geňeşli biçilen donuň gysga bolmaýandygy baradaky nakyly durmuş ýörelgesine öwrüpdirler. Edil Magtymgulynyň şygyrlary ýaly, agzybirlik, ula sarpa goýmak, geňeşli ädim ätmek baradaky nakyllary durmuşyň öwrümlerinde türkmeniň islendik ýaşlylarynyň dilinden eşitmek bolýandygy hem hut şonuň üçindir.

Nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň eserlerine nazar aýlasaň-da, dessanlarymyzdyr eposlarymyzy okasaň-da, dürli wakalaryň başlangyjynda hökman il-halkyň geňeş edişi bilen baglanyşykly wakalar gabat geler. Sebäbi maslahat, geňeş etmek — agzybirligiň nyşany. Birek-birege hormat-sarpanyň görkezijisi. Diňe bir ýaşuly kişiler däl, eýsem, dürli ýaşdaky adamlaryň gatnaşdyrylyp, olaryň pikirleriniň diňlenilmegi maslahatyň miweliligini üpjün edipdir. Netijede, geňeşli urlan gadamlar üstünlige alyp barypdyr. Muny biz taryhyň sahypalaryna nazar aýlanymyzda-da görüp bilýäris. Şu babatda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary islendik geňeşde dogry ýol salgy beriji şamçyrag bolup gelipdir. Häzirki ajaýyp zamanamyzda halk bilen geňeşip, bizi beýik işlere şaýat eden Gahryman Arkadagymyz, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan akyldar şahyrymyzyň söz hazynasyna goýulýan sarpa geçilen menzillerde şahyryň ornunyň beýik ykrarnamasydyr.

Gaýgysyz ATAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory.