"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Möwsümleýin işleriň depgini artdyrylýar

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, 16-njy martda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan degişli guramaçylyk işleri, şeýle-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Şeýle hem welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edip, gögeriş suwy tutulýar. 16-njy martda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde baglaryň ekiljek ýerlerini kesgitlemek we bag nahallaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binala

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşyk

11-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda guralýar. Aksakgallar geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik işgärlerinden saýlanan ýaşulular girýär. Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň asyrlaryň dowamynda özara hormat goýmagyň, dost-doganlygyň, ruhy päkligiň we asylly işleriň aýy hasaplanýan mukaddes Oraza aýynyň ilkinji gününde geçirilýändigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bu geňeşiň agzasydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 11-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Şeýle hem welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edip, gögeriş suwy tutulýar. 16-njy martda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde baglaryň ekiljek ýerlerini kesgitlemek we bag nahallaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga beril

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşyk

Aşgabat, 11-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda guralýar. Aksakgallar geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik işgärlerinden saýlanan ýaşulular girýär. Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň asyrlaryň dowamynda özara hormat goýmagyň, dost-doganlygyň, ruhy päkligiň we asylly işleriň aýy hasaplanýan mukaddes Oraza aýynyň ilkinji gününde geçirilýändigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bu geňeşiň agzasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk teleýaýlymyna beren interwýusy

“TRT Haber” teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmez Gahryman Arkadagymyz bilen söhbetdeş boldy — Siziň Alyhezretiňiz, Milli Lider, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Arkadag! Ilki bilen, işiňiziň örän köpdügine garamazdan, interwýu bermäge wagt tapandygyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Siz görnükli syýasatçy, döwlet işgäri hökmünde türki döwletleriň hyzmatdaşlygynyň möhümdigini hemişe belleýärsiňiz. Bu näme bilen baglanyşykly? Siz bu işi, onuň mümkinçiliklerini, şunda Türkmenistanyň ornuny nähili görýärsiňiz?

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Asif Ali Zardarä Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. “Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin Siziň bilen işleşmegi meýilleşdirýärin” diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Tamaş Şuýoka Wengriýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Tamaş Şuýoka tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, şeýle hem Wengriýanyň halkynyň öňe gitmegine we gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşyk

Aşgabat, 11-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda guralýar. Aksakgallar geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik işgärlerinden saýlanan ýaşulular girýär. Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň asyrlaryň dowamynda özara hormat goýmagyň, dost-doganlygyň, ruhy päkligiň we asylly işleriň aýy hasaplanýan mukaddes Oraza aýynyň ilkinji gününde geçirilýändigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bu geňeşiň agzasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykdaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji marty) Hormatly aksakgallar!Gadyrly myhmanlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk teleýaýlymyna beren interwýusy

“TRT Haber” teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmez Gahryman Arkadagymyz bilen söhbetdeş boldy — Siziň Alyhezretiňiz, Milli Lider, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Arkadag! Ilki bilen, işiňiziň örän köpdügine garamazdan, interwýu bermäge wagt tapandygyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Siz görnükli syýasatçy, döwlet işgäri hökmünde türki döwletleriň hyzmatdaşlygynyň möhümdigini hemişe belleýärsiňiz. Bu näme bilen baglanyşykly? Siz bu işi, onuň mümkinçiliklerini, şunda Türkmenistanyň ornuny nähili görýärsiňiz?

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!

Laýyk iki ýyl mundan ozal — 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi, onuň jemlerine laýyklykda, halkymyz özüniň hem-de Watanymyzyň ykbalyny we geljegini döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ynandy. 2022-nji ýylyň 19-njy martynda bolan wezipä girişmek dabarasynda hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyzyň bildiren uly ynamynyň halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin has-da yhlasly zähmet çekmäge borçly edýändigini belledi. Wezipä girişmek dabarasynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň täze saýlanan döwlet Baştutany Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin kesgitlenen esasy ýoluň, öňde goýlan maksatlaryň, uly wezipeleriň geljekde alyp barjak işiniň esasyny düzjekdigini aýtdy. Geçen iki ýylyň dowamynda ýurdumyzda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Milli ykdysadyýetimiz durnukly ösýär, durmuş ulgamy kämilleşýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, Watanymyzyň halkara abraýy belende göterilýär. Ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler halkymyzyň giň goldawyna eýe bolýar. Munuň özi halkymyzyň jebisligini, agzybirligini, demokratiýanyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen öňe gitmäge bolan synmaz erki aýdyň görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

7-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan çuň guýularda barlag işlerini geçirmek hem-de uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Aşgabatdan çar ýana uzaýan howa ýollary

Täze taryhy döwürde «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasyna» laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmek, düzümini täze uçarlar bilen artdyrmak, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzillerini gurmak hem-de olary döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Howa ulagy arkaly halkara gatnawlary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden, hususan-da, «Boeing» kompaniýasyndan uçarlar satyn alynýar. Täze uçarlaryň satyn alynmagy dostlukly döwletlere uzaýan ýollaryň geografiýasynyň giňelmeginde uly ähmiýete eýedir. Häzirki zaman uçarlarynda paýtagtymyzdan Abu-Dabä, Kuala-Lumpura, Jidda, Hoşimine, Milana, olardan bolsa yzyna Aşgabada amala aşyrylan ilkinji halkara howa gatnawlary dürli ýurtlar bilen gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde, awiasiýa pudagyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Gadyrly gatnaşyklaryň gözýetimi

Berkarar döwletimiz oňyn Bitaraplyk hem-de parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Türki Döwletleriň Guramasy bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hem şol ýörelgelere laýyk gelýär. Türkmen halkyny bu gurama agza ýurtlaryň halklary bilen asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde şol däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin oňaýly şertler döreýär. Ýazyň ajaýyp günlerinde halkara baýramçylyklaryň bosagasynda gözel paýtagtymyzda geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisi gadymy gözbaşly gatnaşyklary has-da berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Uly mümkinçilikleriň giňişligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

7-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Hormatly atlaryňyz gutly bolsun, Mähriban eneler!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdiren eneleriniň uly toparyna Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakyldy. Olaryň arasynda biziň welaýatymyzyň wekilleri hem bar: «Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hojalyk bölüminiň tam süpürijisi Swetlana Wladimirowna Hruşşýowa;

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň il-ýurt bähbitli milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak bilen bagly işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Resmi habar

Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek we Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli düzümlere 2024-nji ýylyň 11 — 13-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisiniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.