Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!

12 Mart 2024
456

Laýyk iki ýyl mundan ozal — 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi, onuň jemlerine laýyklykda, halkymyz özüniň hem-de Watanymyzyň ykbalyny we geljegini döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ynandy. 2022-nji ýylyň 19-njy martynda bolan wezipä girişmek dabarasynda hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyzyň bildiren uly ynamynyň halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin has-da yhlasly zähmet çekmäge borçly edýändigini belledi. Wezipä girişmek dabarasynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň täze saýlanan döwlet Baştutany Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin kesgitlenen esasy ýoluň, öňde goýlan maksatlaryň, uly wezipeleriň geljekde alyp barjak işiniň esasyny düzjekdigini aýtdy.

Geçen iki ýylyň dowamynda ýurdumyzda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Milli ykdysadyýetimiz durnukly ösýär, durmuş ulgamy kämilleşýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, Watanymyzyň halkara abraýy belende göterilýär. Ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler halkymyzyň giň goldawyna eýe bolýar. Munuň özi halkymyzyň jebisligini, agzybirligini, demokratiýanyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen öňe gitmäge bolan synmaz erki aýdyň görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetmeginiň zamanasy bolup taryha girer.

(TDH)