"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gujur-gaýratyň gözbaşy

Häzirki wagtda at-owazasy dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp Watanymyzda, hormatly Prezidentimiziň berkarar eden eşretli Diýarymyzda agzybir halkymyzyň her bir güni bagtly pursatlara beslenýär.Ýurdumyzda amala aşyrylýan, bagtyýar geljegi nazarlaýan ägirt uly işler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Aýratyn hem, bu günki günde ýaşlarymyz üçin alnyp barylýan işler gönüden-göni ösüp gelýän nesillerimiziň ählitaraplaýyn kämilleşmegine uly ýardam edýär. Ýaş nesillerimiz ýurdumyzyň ähli ugurlary boýunça, aýratyn hem, sportda uly ösüşleri gazanýarlar. Ruhy taýdan sagdyn, beden taýdan güýçli ýaş nesilleri kemala getirmek döwletimiziň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biri bolup durýar. Ýakynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň we Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň «Gökje» sport desgasynyň sport zalynda sportuň dürli görnüşleri boýunça Aşgabadyň birinjiligini almak ugrundaky çempionatyň açylyş dabarasyna badalga berildi. Çäräniň açylyş dabarasyndan soňra sportuň gylyçlaşmak, woleýbol, agyr atletika, düzzüm hem-de şaşka ýaly görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýaryşlaryň dowamynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrm

Berjaý edilmeli düzgünler

♦Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. ♦Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesi işjeň ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Şeýle çäreleriň hatarynda welosipedli ýörişlere aýratyn ähmiýet berilýär Sebäbi welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşidir. Şonuň üçin-de hereket etmegiň, gezelençde bolmagyň, sport bilen meşgullanmagyň serişdesi hökmünde welosipedi saýlap almak bilen, adam diňe bir öz saglygyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, daşky gurşawy aýawly saklamaga hem goşandyny goşýar. Bilşimiz ýaly, welosiped sportunyň we welosipedli gezelenç etmegiň ynsan saglygyna peýdasy uludyr. Welosport bilen meşgullanmak özüňi oňat duýmagyň kadaly derejesini üpjün edýär. Sebäbi welosiped ekologik bähbitler bilen bir hatarda, bedeni taplamagyň hem özboluşly türgenleşik serişdesi hasaplanýar. Onda gezelenç etmek immuniteti ýokarlandyrmagyň, dürli keselleri bejermegiň, şol bir wagtda beden myşsalaryny berkitmegiň netijeli şertidir. Ol bedeniň hereket ediş, dem alyş ulgamlary üçin ajaýyp türgenleşikdir. Onuň netijesinde bedeni kislorod bilen iýmitlendirmegiň derejesi ýokarlanýar. Mundan başga-da, welosip

Kömelegi peýdalanmagyň düzgünleri

Ýer ýüzündäki iň gadymy ösümlikleriň biri-de kömelekdir. Onuň düzümi 91 göterim suwdan, 3,2 göterim beloklardan, 0,5 göterim ýaglardan, 3,7 göterim uglewodlardan, 0,85 göterim mineral duzlardan durýar. Kömelegiň iýmitlenişdäki gymmaty beloklara we kaliý duzlaryna baýlygyndadyr. Kömelekler iýmitlenip bolýandygyna ýa-da bolmaýandygyna baglylykda 4 topara bölünýär:

Welosiped sürmegiň peýdasy

Ýurdumyzda giňden bellenilen Bütindünýä saglyk güni dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport çärelerine utgaşdy. Şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek sagdynlygyň gözbaşydyr. Açyk howada welosipedli gezelençler etmek ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. Welosiped sürmek bedeniňi gurplandyrýar, nerw ulgamynyň dartgynlylygyndan saplaýar. Artykmaç agramyny aýyrmak isleýänlere hem günüň dowamynda degişli wagt çägini welosiped sürmäge bagyş etmek maslahat berilýär.

Baş baýlygyň goragynda

Taryhyň çuň gatlaklarynda türkmen saçagynyň milli aýratynlygyna ser salanymyzda türkmen halkynyň naz-nygmatdan doly bereketli saçagynyň bolandygyna göz ýetirýäris. Türkmeniň milli tagamlarynyň keselleri bejermekde we öňüni almakda hem täsiri uludyr. Tagam iýlen halatynda olaryň özara sazlaşygyna hem uly üns bermek gerek. Sebäbi käbir iýmit önümleri öz arasynda sazlaşmaýar we bedende kynlyk bilen siňýär ýa-da bedende iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerini döredip bilýär. Şonuň üçin hem iýmit önümleriniň özara sazlaşygyna üns berilýär. Biziň ene-mamalarymyz bu düzgünleri berk berjaý edipdirler. Türkmen tagamlarynyň taýýarlanyş tehnologiýasynyň çylşyrymlydygyna seretmezden datlylygy we ýeňil siňňitlidigi bilen tapawutlanýar. Şeýle tagamlaryň biri hem unaşdyr. Unaş türkmeniň datly tagamlarynyň biri bolup, bu tagamyň diňe bir keselleriň öňüni almakda däl, eýsem, keselleri bejermekde hem ähmiýeti uludyr. Biziň dürli welaýatlarymyzda, dürli maşgalalarda unaşy dürli görnüşde taýýarlaýarlar. Ýöne nähili taýýarlanýandygyna seretmezden, onuň esasy goşundysy elde kesilen unaşdyr. Bugdaý unundan taýýarlanan hamyrdan kesilen aş bedene gerek bolan uglewodyň we ösümlik belogynyň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Hatda ýokanç keseller bilen kesellän adamlara, ylaýta-da ýiti respirator keselleri bilen kesellän halatynda bedende immun ulgamyny işjeňleşdirmek üçin uglewodlar gerek bolýar. Aglaba maşgal

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýändigini hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramydyr. Milli senenamamyza girizilen bu sene jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini özünde jemleýän baýram hökmünde bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň meýilnamasy boýunça Aşgabat şäheriniň hassahanalarynyň lukmanlarynyň we saglyk öýleriniň maşgala lukmanlarynyň, ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen lukmanlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorlygynyň we kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň guramagynda «Lukmançylyk amalynda Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň ulanylmagy» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatda iç keselleri ulgamynyň wajyp meselelerine degişli we olaryň bejergisinde ýurdumyzyň çäginde bitýän dermanlyk ösümlikleriň ulanylmagyna gönükdirilen ugurlardan çykyşlar edildi. Çykyşlarda iç keselleriniň geçiş aýratynlyklary, sebäpleri, ýüze çykyşy, esasanda, dogry bejergi saýlap almak, bejergide ulanylýan

Saglyk — jemgyýetiň iň uly gymmatlygy

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy Milli senenamamyzda mynasyp orun alan Bütindünýä saglyk gününiň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 7-nji aprelde bu şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Şowhunly bellenilip geçildi

Ruhubelentligiň özeni Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde aprel aýynyň 7-sine Bütindünýä saglyk güni giňden bellenip geçildi. Çünki, saglyk ynsanlaryň başynyň täji, ruhy rowaçlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Diýarymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Halkyň saglygyny goramaklyga gönükdirilen tutumly işleriň ilaty bedenterbiýä we sporta çekmek bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagyna badalga berilýär.

Sagdyn çaga – sagdyn geljek

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň üç ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Ar­ka­dag şä­her hä­kim­li­gi­niň mej­lis­ler ja­ýyn­da «Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň yn­san­per­wer­li­ge esas­lan­ýan ta­ry­hy baş­lan­gyç­la­ry: Ho­wan­dar­ly­gyň we ça­ga­la­ra mä­hir­li ga­raý­şyň nus­ga­lyk tej­ri­be­si» at­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Hem­mä­mi­ziň bil­şi­miz ýa­ly, 2021-nji ýy­lyň 29-njy mar­tyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Hö­kü­met mej­li­sin­de Mil­li Li­de­ri­miz Gahryman Ar­ka­da­gy­myz Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­ny dö­ret­mek ha­kyn­da döw­let­li Ka­ra­ra gol çek­di.

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar.

Ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi

7-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirildi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlik bilen giňden bellenilmegi halkymyzyň sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerine ygrarlylygynyň güwäsi bolup durýar.

Saglygyň gadryny bilgil...

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le­lik­de, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça köpsan­ly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Sag­ly­gy go­raý­şyň ha­bar­lar mer­ke­zi wa­tan­daş­la­ry­my­za sag­ly­gy go­ra­mak bi­len bag­ly mas­la­hat­la­ry hö­dür­le­ýär.

Be­den maşk­la­ry

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Soň­ky ýyl­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­timiziň baş­da dur­ma­gyn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni dur­mu­şyň ka­da­sy­na öwür­ýän, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len çyn­la­kaý meş­gul­lan­ýan adam­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, alym­la­ryň ber­ýän mag­lu­ma­ty­na gö­rä, her bäş aýal maş­ga­la­dan, er­kek ki­şi­le­riň bol­sa her üçü­sin­den di­ňe bi­ri­si ýü­rek da­mar­la­ry­ny ke­sel­ler­den go­ra­ýan be­den maşk­la­ry­ny dog­ry we ge­rek­li muk­dar­da ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Sport ada­myň be­den hem ru­hy sy­na­la­ry­ny tap­la­ýar, sag­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ýar, dem alyş, ýü­rek-da­mar hem süňk-myş­sa ul­gam­la­ry­nyň iş­leý­şi­ni ka­da­laş­dyr­ýar.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

Bütindünýä saglyk güni her ýyl ýurdumyzda köp sanly medeni-sport çärelerine beslenýär. Aprel aýynyň dowamynda «Sagdynlyk we ruhubelentlik» şygary bilen dürli köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlygy hem öz ajaýyp miwelerini berýär. Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, tebigy serişdelere aýawly çemeleşip, daşky gurşawy artykmaç tüsseden, şol sanda temmäki tüssesinden goramak babatda-da netijeli işleri alyp barýar. Munuň özi adamlaryň jan saglygyny, daşky gurşawy gorap saklamagyň, sagdyn ýaşaýşy üpjün etmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biridiginiň aýdyň güwäsidir. Her bir adamyň hemmetaraplaýyn sagdyn bolmagy üçin ýurdumyzda döwlet derejesinde ulgamlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar.

Saglygy berkitmek maksatnamalaryny iş ýerlerinde ornaşdyrmagyň ýokanç däl keselleriň öňüni almakdaky ähmiýeti

Nurmuhammet AMANNEPESOW, Esenmyrat ANNAMYRADOW, Muhammet ERGEŞOWTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň saglygy goraýşyň guralyşy, dolandyrylyşy we ykdysadyýeti kafedrasy «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna» laýyklykda, döwlet edaralarynyň, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga işjeň gatnaşmagyny gazanmak, olarda işleýän işgärleriň saglygyny goramak we berkitmek boýunça amatly şertleriň hem-de mümkinçilikleriň döredilmegi bilen bedenterbiýe-sagaldyş we keselleriň öňüni almagyň beýleki çärelerini geçirmek babatda toplumlaýyn işleri amala aşyrmaklyk göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan milli saglygy goraýyş ulgamynyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ugry bolup durýandygyny aýdyň görkezýär we ol ýurdumyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilendir.

Şypahana işi hakynda milli kanunçylyk

Gülzar AŞYROWATürkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň durmuş ulgamynyň ösdürilmegi, möhüm mümkinçilikleriň bir ýere jemlenmegi, dolandyryşyň täzeçil tehnologiýalarynyň we öňdebaryjy usullarynyň işlenip taýýarlanylmagy hem-de ornaşdyrylmagy adam saglygyny goramagyň we pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Munuň özi ilatyň sagdynlygynyň üpjün edilmegini, durmuş ulgamynyň giňeldilmeginiň hasabyna jemgyýetçilik baýlygynyň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Iriňli keratitiň autoplazma arkaly bejergisi döwründe gözüň buýnuz gatlagynyň neowaskulýarizasiýasynyň morfologiki aýratynlyklary (tejribede)

Aýjemal ORAZALYÝEWA, Perhat ÖWEZGYLYJOW, Merdan SÜLEÝMANOW, Jahan LAMANOWA, Gohar PETROWA, Gülnabat TOŞŞIÝEWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi, kazyýet lukmançylygy we hukuk, patologik anatomiýa kafedralary Gözüň buýnuz gatlagy – ýagtylygyň döwülme ukybyny berjaý edýän esasy gatlak bolup durýar, onuň durulygy ýokary derejeli gurluşynyň çylşyrymlylygy bilen şertlendirilýär. Kadada onuň dokumasy gan damarsyzdyr, bu ýagdaý onuň diňe bir durulygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, immun ulgamynyň öýjükleriniň gönüden-göni aralaşma mümkinçiliginiň ýoklugy zerarly, buýnuz gatlagyň immunologiki taýdan goraglylygyny hem şertlendirýär. Käbir patologiki hadysalarda (himiki ýanyklar, işemiýa, şikesler, gaýnaglama) buýnuz gatlagyň üýtgemeleri dürli derejeli neowaskulýarizasiýanyň we bulançaklygyň döremegi bilen dokumanyň durulygynyň peselmeginiň ýüze çykmagyny şertlendirýärler. Dürli sebäpleriň netijesinde, gözüň buýnuz gatlagynda bulançaklygyň, tegmiliň emele gelmegi zerarly dünýäde 1,5-2 mln adam monokulýar körlükden ejir çekýär [1].

Ortaky gulagyň alawlama keselleriniň ýagdaýy

Täçmyrat ALTYÝEW Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatyň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga, anyklamaga we bejermäge gönükdirilen düýpli we giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.

Üç şahaly nerwiň newralgiýasynda mikrowaskulýar dekompressiýasy geçirilen näsaglaryň deňeşdirme seljermesi

Nurgeldi SAPAROW, Taganmyrat HOJAGELDIÝEW, Saparmuhammet ANNAGELDIÝEWHalkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň farmakologiýa kafedrasy, Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasy Üç şahaly nerwiň newralgiýasy (trigeminal newralgiýa) – üç şahaly nerwiniň gysylmagy netijesinde döreýän, tutgaý görnüşindäki, güýçli, ýiti agyry bilen häsiýetlenýän keseldir.