"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Peýdaly maslahatlar

Ýiti, göni düşýän Gün şöhlesinden baş gaplary geýmek, saýawanlary ulanmak bilen goranmaly. Tomus paslynda gezelenje çykylanda kiçi ýaşly çagalar uly adamlaryň gözegçiliginde bolmaly.

Tomus paslynda bedeniň sagdyn bolmagy üçin

Her bir paslyň öz aýratynlygy bolýar. Tomus pasly babatda hem şeýledir. Bu pasylda berjaý etmeli düzgünler we iýmit kabul ediş kadalary bar. Bedeniň sagdyn bolmagyny üpjün etmek üçin howa aýratynlygyna üns bermeli. Bilşimiz ýaly, tomusda yssy, gyzgyn, güneşli howa köp bolýar, howanyň derejesi üýtgäp durýar. Bu bolsa adama täsir edýär. Gün şöhlesi D witaminini emele getirýär. Gün adamyň immun ulgamyny gowulandyrýar, gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Ýöne Günüň aşagynda köp durmak hem zyýanlydyr. Şonda Gün urma hadysasy bolup geçýär. Ol howanyň gaty gyzmagy, Gün şöhleleriniň ýitileşmegi netijesinde ýüze çykyp bilýär. Şunuň bilen baglylykda, adam işlände, dynç alşa gidende, suwa düşende, Günüň ýiti şöhlesiniň täsirinden goranmalydyr. Gün şöhlesinden peýdalanmak üçin amatly wagt ir säher sagat 6-dan 9-a çenlidir. Günortan açyk Günüň astynda gezmek maslahat berilmeýär. Kelläňe başgap geýmegi, gözüňe Gün şöhlesinden goraýan äýnek dakynmagy, saýawan ulanmagy ýatdan çykarmaly däl.

Jana melhem deňiz suwy

Tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde deňizde suwa düşüp, dynç almagyň aýratyn bir lezzeti bar. Güneş, çäge, duzly deňiz  suwy we howasy tebigy dermanhana bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen birlikde, deňiz suwy adam bedeni üçin peýdaly maddalara baýdyr. Onuň bejerijilik häsiýetleri irki döwürlerden bäri mälimdir. Gippokrat süňk döwülmeleriniň tiz bitmeginde, myşsa we bil agyrylarynda deňiz suwunyň peýdalydygyny belläp geçipdir. Deňiz suwunyň düzüminde minerallaryň 90-a golaý görnüşi bar. Olardan kaliý, magniý, kalsiý, brom bedendäki alyş-çalyş hadysalaryna we öýjükleriň täzeden dikelmegine itergi berýär, nerw ulgamyny pugtalandyrýar. Deňizde suwa düşmek adam bedenine oňyn täsir edýär. Immunitetiň berkemegine, gan aýlanyşynyň kadalaşmagyna, respirator kesellere garşy durujylygy ýokarlandyrmaga, deriniň we saçyň ýagdaýyny gowulandyrmaga, ganyň kislorod bilen baýlaşmagyna ýardam edýär. Bularyň ählisi deňiz suwunda ergin haldaky peýdaly maddalaryň adam bedenine göni täsir etmegi netijesinde bolup geçýär. Deňizde 30 minutlap suwa düşülende, bedeniň hemme ýerine owkalanan ýaly täsir edýär. Deňiz suwunda ýod köpdür. Munuň özi galkan şekilli mäziň işine itergi berýär. Deňziň kenarynda 15-20 günläp dynç alnanda, bedeniň ýod bilen üpjünçiligi ýokarlanýar.

Iýmit arassaçylygy möhüm talapdyr

Sagdyn iýmitlenmek sagdyn ýaşaýşyň çeşmesidir. Howanyň yssy günleri iýmit arassaçylygyna aýratyn üns bermeli. Käbir iýmitler tiz zaýalanagan bolýar. Şonuň üçinem olaryň saklanyş düzgünlerini berk berjaý etmeli. Iýmitiň görnüşleriniň köpdürlüligini üpjün etmek maksady bilen, iýmitde ýokumly maddalara, witaminlere baý bolan miweleri we gök önümleri yzygiderli ulanmaly, zyýanly doýgun ýag turşularyna baý bolan mal ýaglaryny peýdaly ösümlik ýaglaryna çalyşmaly. Adamyň iýmitinde ýaglaryň köptaraply ähmiýeti bar. Olar çagalaryň boýunyň ösmegi, kelle-beýni öýjükleriniň gurluşy üçin peýdalydyr. Ýaglar A we D witaminlerini doly özleşdirmek üçin zerurdyr. Olar ösüp barýan beden üçin zerur bolan fosfatitleriň we ýag turşularynyň çeşmesidir. Bedeniň ýaga bolan islegi beloga bolan islegi bilen deňdir. Ýöne ýaglaryň köp, çendenaşa kabul edilmegi ýürek-damar, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy ýaly kesellere getirip bilýär. Howanyň yssy günlerinde adamyň suwa bolan islegi öňkülerinden artýar. Adamlara gazlandyrylan, dürli reňkli içgileri köp içmeklik maslahat berilmeýär. Onuň deregine sowadylan, gaplanan arassa agyz suwuny, gök çaý içmeli. Şeýle hem kremli, yssy howada tiz zaýalanýan konditer önümlerini aşa köp iýmekden saklanmalydygyny ýatladýarys. Ýokarda agzalan önümlerde şekeriň mukdarynyň bellenilen kadalardan köp bolmagy saglyga uly zyýan ýetirýär. Olar çaga döwründen semizligiň ýüze

Kädi çigidi

Kädiniň adam saglygyny goramakda we berkitmekde peýdasynyň bolşy ýaly, onuň çigidi hem peýdalydyr. Kädi çigidi beloga, peýdaly ýaglara, kletçatkalara, antioksidantlara we beýlekilere baýdyr. Onda E, K we B toparynyň witaminleri bar. Munuň özi onuň dermanlyk häsiýetlerini ýokarlandyrýar. Kädi çigidi ýürek-damar ulgamyna peýdaly bolmak bilen, gan basyşyny we gandaky süýjini kadalaşdyrýar. Hatda ol saç düşmeginiň hem öňüni alýar. Serbiýaly alymlar kädi çigidiniň ýagynyň ýürege peýdalydygyny subut etdiler. Kädi çigidi ýadawlygyňy aýyrýar, onda magniniň köp bolmagy nerw ulgamyna täsir etmek bilen, ukyny kadalaşdyrýar, sagdyn immun ulgamynyň, durnukly ýürek urşunyň bolmagyna ýardam edýär, süňkleri berkidýär. Onuň sowuklama, mikroblara garşy we peşew çykaryjy tebigy serişdedigini bellemek gerek. Iýmit siňdirişi kadalaşdyrmakda, gandaky holesterini azaltmakda, gan aýlanyş ulgamynyň ýagdaýyny gowulandyrmakda we gan damarlaryny giňeltmekde haýyrlydyr. Horlanmak isleýänler üçin hem peýdaly önümdir.

Bedew münen hassa bolmaz

Ippoterapiýa (atly terapiýa) atly gezmek ýagdaýynda adam tarapyndan ýerine ýetirilýän bejeriş bedenterbiýesidir. Bu ugurda gadymy döwrüň alymlary hem öz ýazgylarynda belläp geçipdirler. Gippokrat sussupes, tukat adamlara atyň üstünde gezim etmegi maslahat berip, onuň erbet pikirlerden daşlaşdyrýandygyny aýdypdyr. XVIII asyrda ensiklopediýaçy Deni Didro öz eserinde: «Beden maşklarynyň arasynda birinji orun at münmeklige degişlidir. Onuň kömegi bilen köp sanly keselleri bejerip bolýar, hatda olar ýaňy ýüze çykyp başlanda, öňüni almak hem mümkindir» diýip belläp geçýär. Türkmen nusgawy şahyry Seýdi hem «Üsti bedewiň» atly şygrynda: Bedew münen hassa bolsa sag olur, Çeşmi hyra bolur, keýpi çag olur,Köňli hup açylan täze bag olur,Gunça-gülüstandyr üsti bedewiň —

Günüň zyýanly täsirinden goranyň!

Şu günler tomsuň jöwzaly günleri dowam edýär. Yssy günlerde saglygyňy durnukly saklamak örän möhümdir. Howanyň çakdanaşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Gündiziň yssysynda çagalaryň daşarda oýnamagyna ýa-da gezelenç etmegine rugsat bermeli däldir. Ýaş çaganyň bedenine zerur bolan D witamininiň gerekli mukdaryny almak üçin onuň bilen her gün irden sagat 09:00-a çenli, agşam bolsa sagat 18:00-dan soň 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir.

Kadaly iýmitlenmegiň peýdasy

Sagdyn bolmak üçin esasy şertleriň biri sagdyn iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek gan-damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden adam bedeniniň goragyny üpjün edýär. Bütin dünýäde ilat arasynda semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermelidiris. Her gün möwsümleýin ýetişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Sebäbi kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Iýmitiň düzüminde rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanmagyny, mümkin boldugyndan, çäklendirmeli.

Ýaglar we saglyk

Her bir adamyň sagdyn iýmitlenmek tertibinde beloklar, uglewodlar bilen bir hatarda, ýaglaryň bolmagy hem wajypdyr. Ýöne şunda olaryň görnüşine we mukdaryna üns bermek zerurdyr. Ýaglaryň dürli görnüşleri bar. Tagam taýýarlananda olaryň haýsy görnüşiniň ulanylmalydygyny bilmek bedende artykmaç agramyň döremeginiň öňüni almakda möhüm şertleriň biridir. Tebigatda ýaglar ösümliklerden we mallardan alynýar. Mal ýaglary, adatça, gaty halda bolup, diňe balyk ýagy suwuk görnüşdedir. Ösümlik ýaglarynda hem kokos ýagy gaty görnüşde bolýar. Häzirki döwürde olary birleşdirip, täze görnüşli ýaglar-da alynýar. Olara spred ýaglar diýilýär. Spred — (spread — iňlisçeden terjime edilende çalma, süýndürme diýmek) ösümlik ýaglaryndan gelip çykan emulsion ýagly önüm bolup, onda umumy ýagyň mukdary 39 göterimden az bolmaly däl. Maýyşgak gurluşly, ereme temperaturasy 36 gradusdan ýokary däl. Spred margariniň bir görnüşi bolup, oňa başgaça «buterbrod ýagy», «kombinirlenen ýag», «ýeňil ýag» hem diýilýär. Adatça, spredlere mesge ýagynyň ysyny, tagamyny we reňkini berýän hoşboý ys berijiler goşulýar. Häzirki wagtda daşary ýurtlarda diňe ösümliklerden taýýarlanýan iýmit önümlerini ulanýanlaryň sanynyň artmagy bilen, spred ýaglaryna bolan isleg has-da ýokarlanýar.

Ýiti Gün şöhlesinden goranalyň!

Güneşe baý Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Tomus medeniýetli dynç alşyň gyzgalaňly döwrüdir. Gün şöhlesiniň, arassa howanyň, dury suwuň adam saglygy üçin peýdasy hemmä mälimdir. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, ol bedeniň immun ulgamyny pugtalandyrýar. Ýöne Günüň aşagynda uzak gezilmegi adamyň saglyk ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biler. Gün urmak howanyň gyzan döwründe Günüň aşagynda uzak wagtlap bolunmagy sebäpli bedeniň aşa gyzmagynyň netijesinde, merkezi nerw ulgamyna zeper ýetmegidir. Munuň sebäbi bedeniň suwy, mineral duzlary ýitirmegi we ýylylygy kadalaşdyrýan ulgamlaryň bozulmagy bilen baglydyr. Gün urmasy ýüze çykan ýagdaýynda bedeniň deri örtügi gyzarýar, guraksylanýar, ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmagy, huşuňy ýitirmek, uka meýillilik, gulaklaryň şaňlamasy ýaly hadysalar ýüze çykýar. Bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Öz wagtynda kömek edilmese, ýagdaýyň has-da agyrlaşmagy mümkin. Gün uran halatynda ejir çekene köp suwuklyk — sowujak suw, aýran, gök çaý içirmeli.

«Görk — agyzdan...»

Sagdyn bolmak üçin esasy şertleriň biri hem kadaly, arassa iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek-gan damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden adam bedeniniň goragyny üpjün edýär. Bütin dünýäde ilat arasynda semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermelidiris. Her gün möwsümleýin bişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanylmagyny iýmitiň düzüminde mümkin boldugyndan çäklendirmeli. Iýmit rejesinde beloklar, ýaglar we uglewodlar 1:1:4 gatnaşykda bolmaly. Sebäbi ýaglar öýjük gurluşyna, deri örtüginiň saglygyna, käbir witaminleriň özleşmegine we iýmitden kanagatlanma duýgusynyň emele gelmegine ýardam berýärler.

Konditer önümleri

Her bir dükanyň tekjelerinde owadan ýalpyldawuk süýji gaplary bilen örtülen ýa-da reňkli gutulara gaplanan dürli görnüşli süýjüleri, şeýle hem konditer önümlerini tapyp bilersiňiz: Çagalar we ulular süýjülikleri gaty gowy görýärler we süýjüsiz nädip ýaşap boljakdygyny göz öňüne getirip bilmeýärler. Islendik dynç alyş saçagynda hökman her dürli süýjülik bar, her bir dynç alyş hem süýjüliksiz bolmaýar. Şeýle-de bolsa, telewizoryň ekranyndan, iýmitleniş hünärmenleriniň çykyşlaryndan ugur alsak, süýjüleriň we konditer önümleriniň gereginden artyk iýilmeginiň saglyk üçin zyýanlydygyny eşidýäris we olardan az iýmelidigine düşünýäris. Süýjüler hakda aýdanymyzda bolsa, şeker we uglewodlar diýmekdir. Süýjüleriň bedenimize hakykatdanam zyýanlydygyny ýa-da iýip boljak “ygtybarly” süýjüleriň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamalydyrys. Konditer önümleri köp mukdarda şeker saklaýan süýji önümleridir. Bular aňsat siňdirilýän uglewodlaryň (şekerleriň) çeşmesi bolup, esasan hem uglewodlaryň we energiýanyň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Olar ýakymly tagamy we ýokary kaloriýalylygy bolmagy bilen tapawutlanýar. Esasan hem desert önümleri, çaý önümleri hökmünde ulanylýar, olaryň aýratynlyklary dürli-dürlüdir. Konditer önümleriniň (şeker, şokolad, süýji, köke we ş.m.) ýokumlylygy beýleki iýmit toparlarynyň iýmitleniş we biologiki bahasyndan pesdir. Olar iýlende, konditer önümlerini sarp edijiniň ýaşy gö

Bereketli hasyldan datly sowgat

Geçen hepdäniň şenbe güni Köpetdagyň etegindäki ajaýyp Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara edermen gallaçy daýhanlarymyzyň zähmet ýeňşi mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Häzirki wagtda bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hem tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şatlykly geçirýärler.

Paýtagtymyzda iri saglygy goraýyş edaralary gurulýar

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da yn­san sag­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik üns mer­ke­zin­de sak­lan­ýar. Şun­da ak mer­mer­li Aş­ga­ba­dyň çäk­le­rin­de hal­ka­ra ül­ňü­le­re do­ly la­ýyk gel­ýän luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy­na, ola­ryň ýo­ka­ry de­re­je­de en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na hem uly üns be­ril­ýär. Tä­ze gu­rul­ýan sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry hal­ka­ra de­re­je­le­ri­ne do­ly la­ýyk ge­lip, on­da hal­kyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­le­ri üçin äh­li döw­re­bap şert­ler dö­re­dil­ýär.

Çagalar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Arkadag şäheri, 12-nji iýul (TDH). Şu gün Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara edermen gallaçylaryň gazanan ajaýyp zähmet ýeňşi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan durmuş ugurly syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Dabaranyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Olar sazlaşykly ösüşi we sagdyn bolmaklary ugrunda yzygiderli alada edilýändigi üçin lukman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Çagalar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Arkadag şäheri, 12-nji iýul (TDH). Şu gün Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara edermen gallaçylaryň gazanan ajaýyp zähmet ýeňşi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan durmuş ugurly syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Dabaranyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Olar sazlaşykly ösüşi we sagdyn bolmaklary ugrunda yzygiderli alada edilýändigi üçin lukman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Melhem suwly şypahana

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Arçman» şypahanasy diňe bir ýurdumyzda däl, dünýäde hem uly meşhurlyga eýedir. Bejerijilik, saglygy dikeldiş we keselleriň öňüni alyş ähmiýetli dergäh häzirki günlerde has-da köp adamly. Zähmet dynç alşyna çykyp, güneşli Diýarymyzyň dürli künjeginden gelen ildeşlerimiz ýokary hilli hyzmatlardan, ajaýyp mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Hoştap howaly dag eteginiň gözel künjeginde, Köpetdagyň Degirmendag diýen ýeriniň eteginde deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşýän şypahananyň esasy aýratynlygy jana şypa beriji melhem suwudyr. Ol himiki düzümi boýunça kükürtli-hlorly, gidrokarbonatly, natrili, kalsiý-magnili suwlar toparyna degişli bolup, ençeme dertleriň dermanydyr. Mineral suw içmek, suwa düşmek we içegeleri ýuwmak üçin ulanylýar. Ol içilende we wanna kabul edilende, düzümindäki kükürtli wodorod we beýleki mikroelementler bedende bütinleý özgeriş döretmek bilen, dokumalaryň işjeňligini ýokarlandyrýar. Gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Şoňa görä-de, ildeşlerimiziň bu mümkinçiliklerden peýdalanyp, şypa tapýanlary az däl. Eli ýeňil lukmanlaryň degerli maslahatlary, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen bölümleriň ýokary derejeli hyzmatlary köpe ýaraýar. Saglygyny berkidýänleriň islendigi bilen gürrüňdeş bolanyňda, bu ýerdäki hyzmatlaryň derejesinden hoşaldygyny nygtaýar.

Gawunyň saglyga peýdasy

«Müň bir derdiň dermany» diýlip tarypy ýetirilýän, türkmen topragynyň datly nygmaty bolan gawunlar diňe bir süýji iýmit bolman, eýsem, ynsan saglygy üçin hem melhem hasaplanylýar. Gawundan taýýarlanylýan toşap, kak ýaly peýdaly önümler hem saglyk üçin örän peýdalydyr. Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda giňden ulanylyp gelinýän gawunyň bejerijilik häsiýeti barada Abu Aly ibn Sinanyň, Muhammet Huseýiniň we beýleki alymlaryň işlerinde hem giňişleýin beýan edilýär. Gawun, köplenç halatda, gany az ýa-da tapdan düşen hassalara berlipdir. Bu nygmat bagyr kesellerini bejermekde hem peýdalanylypdyr. Böwrekde daş bolanda, gawun çigidini gyzgyn suwda owradyp içipdirler.

Luk­man He­ki­miň sar­gyt­la­ryn­dan

Görk agyzdan

■ Sagdyn bolmak üçin esasy şertleriň biri-de sagdyn iýmitlenip, fiziki taýdan işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenme süýjüli diabetden, ýürek gan-damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden adam bedeniniň goragyny üpjün edýär. ■ Bütin dünýäde ilat arasynda artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermeli. Her gün möwsümleýin bişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanylmagyny mümkin boldugyndan çäklendirmeli.