Melhem suwly şypahana

13 Iýul 2024
234

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Arçman» şypahanasy diňe bir ýurdumyzda däl, dünýäde hem uly meşhurlyga eýedir. Bejerijilik, saglygy dikeldiş we keselleriň öňüni alyş ähmiýetli dergäh häzirki günlerde has-da köp adamly. Zähmet dynç alşyna çykyp, güneşli Diýarymyzyň dürli künjeginden gelen ildeşlerimiz ýokary hilli hyzmatlardan, ajaýyp mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar.

Hoştap howaly dag eteginiň gözel künjeginde, Köpetdagyň Degirmendag diýen ýeriniň eteginde deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşýän şypahananyň esasy aýratynlygy jana şypa beriji melhem suwudyr. Ol himiki düzümi boýunça kükürtli-hlorly, gidrokarbonatly, natrili, kalsiý-magnili suwlar toparyna degişli bolup, ençeme dertleriň dermanydyr. Mineral suw içmek, suwa düşmek we içegeleri ýuwmak üçin ulanylýar. Ol içilende we wanna kabul edilende, düzümindäki kükürtli wodorod we beýleki mikroelementler bedende bütinleý özgeriş döretmek bilen, dokumalaryň işjeňligini ýokarlandyrýar. Gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Şoňa görä-de, ildeşlerimiziň bu mümkinçiliklerden peýdalanyp, şypa tapýanlary az däl. Eli ýeňil lukmanlaryň degerli maslahatlary, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen bölümleriň ýokary derejeli hyzmatlary köpe ýaraýar. Saglygyny berkidýänleriň islendigi bilen gürrüňdeş bolanyňda, bu ýerdäki hyzmatlaryň derejesinden hoşaldygyny nygtaýar.

Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.