"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli oýunlar – gadymy mirasymyz

Çagalyk ýyllarymyzyň aýrylmaz bölegi bolan milli oýunlar halkymyzyň gadymy mirasydyr, toý-baýramlarymyzyň bezegidir. Heňňamlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten gymmatly miras häzirki döwürde aýratyn öwüşgine, ýaş nesliň arasynda uly gyzyklanma eýedir. Muňa bilim ojaklarynda yzygiderli geçirilip gelinýän milli oýunlar boýunça bäsleşiklerdir beýleki çäreleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýakynda «Olimp» orta sport mekdebinde guralan bäsleşikde okuwçy türgenler çalasynlyk, ezberlik, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetleri ösdürýän milli oýunlar boýunça bäsleşdiler. «Alma ýygdy», «Aýterek-günterek», «Ýaglyga towusmak» ýaly oýunlarda deň-duşlary bilen ukyp-başarnygyny synap görmek ýaş türgenlerde uly täsir galdyrdy.

Taryhda şu gün

Geçiren oýunlarynyň hiçisinde ýeňilmedik 29 ýaşly küştçi umumylykda 13,5 utuk toplamagy başardy. Ol çempionlyk ugrunda eýranly Sarasadat Hadelmalşarehden ýarym utuk, hytaýly Leý Tinszeden bolsa 1 utuk öňe saýlandy. Langonyň küştüň bu görnüşi boýunça 2005-nji, 2008-nji ýyllarda Ýewropanyň, 2010-njy hem-de 2014-nji ýyllarda bolsa dünýäniň çempiony bolandygyny bellemek gerek.

Sylaglaryňyz gutly bolsun, sport ýyldyzlary!

Mälim bolşy ýaly, 27-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen dabaralaryň barşynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlary bilen birlikde şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynda ýokary netijeleri gazanan türgenleri, olary bu iri halkara ýaryşa taýýarlamaga şahsy goşant goşan tälimçileri sylaglamak dabarasy boldy.

Sport - agzybirlik we je­bis­li­k

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da mil­li spor­tu­my­zyň tä­ze be­lent­lik­le­re çyk­ma­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty giň­den wa­gyz et­mek, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ro­waç­lan­dyr­mak ug­run­da ba­şy­ny baş­lan köp­ta­rap­ly iş­le­ri­niň Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li do­wam et­di­ri­lip, tä­ze sep­git­le­ri na­zar­la­ýan­dy­gy­nyň buý­san­dy­ry­jy gü­wä­si­dir. Onuň, ha­ky­kat­dan-da, şeý­le­di­gi­ne ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň 2023 — 2027-nji ýyl­lar üçin ÝU­NES­KO-nyň — Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň dü­zü­mi­ne saý­la­nyl­ma­gy aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Sport baýramçylygy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Mä­re­kä­niň üý­şen ýe­ri my­da­ma-da uly şow­hu­na bes­len­ýär. Şo­nuň üçin hem bir ýer­de üý­şüp du­ran adam­lar ag­za­lan­da «to­ýuň ada­my ýa­ly» diý­len meň­zet­me ula­nyl­ýar. Toý, baý­ram şat­lyk-şow­hu­nyň mes­ge­ni. Gi­den mä­hel­lä­ni özün­de jem­le­ýän ýer­le­riň bi­ri hem sport ýa­ryş­la­ry­dyr.

Arzuwlardan başlanan ýeňiş

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ýü­re­gin­de ar­zuw-is­leg­le­ri­niň gül bo­lup açyl­ma­gy­ny is­le­ýän her bir yn­san ar­zuw­la­ry­na ta­rap il­kin­ji ädim­le­ri­ni äd­ýär. Bi­rin­ji, ikin­ji, soň üçün­ji ädim­... Şeý­di­bem, ar­zuw­la­ra ta­rap ädim­sa­ýy ýa­kyn­la­şyp, il­kin­ji üs­tün­lik­ler, ýe­ňiş­ler bi­len ýüz­be-ýüz bo­lun­ýar.

Myhmanlarda ýakymly täsir galdyran çempionat

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Soň­ky ýyl­lar­da hal­ka­ra sport gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk­da paý­tag­ty­myz­da­ky dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň bin­ýa­dyn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Il­kin­ji ge­zek bu ýer­de 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di. Azi­ýa we Okea­ni­ýa döw­let­le­ri­niň 62-sin­den iň ez­ber tür­gen­le­riň 5 müň­den gow­ra­gy­ny özün­de jem­län oýun­lar­da spor­tuň 21 gör­nü­şi bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di. Şeý­le-de sport şä­her­çe­si­niň çäk­le­rin­de 2018-nji ýyl­da ga­dy­my Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça «Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si, Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di. 2023-nji ýy­lyň iýun aýyn­da paý­tag­ty­myz 12 ýaş­ly we şon­dan ki­çi ýet­gin­jek og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da ten­nis bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň se­bit­le­ýin ýa­ry­şy­nyň ikin­ji ge­zek ge­çi­ri­len ýe­ri bol­dy. On­da 6 ýur­duň — Türk­me­nis­ta­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň we Tä­ji­gis­ta­nyň ýaş tennis­çi­le­ri to­par­la­ýyn bi­rin­ji­lik ug­run­da bäs­leş­di­ler. Bu sport çä­re­le­ri hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny, pa­ra­hat­çy­ly­gy we dost­lu­gy pugt­alan­dyr­mak işi­ne my­na­syp

Türkmenistan — sport ýaryşlaryny geçirmekde nusgalyk ýurt

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Dün­ýä­de sport ýur­dy hök­mün­de ta­nal­ýan Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra de­re­je­li tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ka­bul edil­ýän mak­sat­na­ma­la­ryň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Il­kin­ji no­bat­da, tür­gen­ler üçin ze­rur bo­lan äh­li şert­le­ri dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, sport ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge uly möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­ýär, ul­ga­myň dü­zü­mi­ne yl­myň tä­ze ga­za­nan­la­ry we öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bil­dir­ýän ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, dü­zü­mi­ne sport zal­la­ry, fut­bol, bas­ket­bol we wo­leý­bol meý­dan­ça­la­ry, ho­wuz­lar, ten­nis meý­dan­ça­la­ry gir­ýän bi­lim hem-de mek­de­be çen­li eda­ra­la­ry gur­mak hök­ma­ny şert bo­lup, bu ýur­du­myz­da spor­tuň esa­sy­ny düz­ýär. Di­ňe Di­ýa­ry­my­zyň şä­her­le­rin­de däl-de, eý­sem, oba­lar­da hem dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän kö­pu­gur­ly sta­di­on­lar we sport top­lum­la­ry, ýö­ri­te­leş­di­ri­len sport mek­dep­le­ri gu­rul­dy.

Şägirdimiz ― şa serpaýynyň eýesi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň baharynda döredilen «Arkadag» futbol toparynyň Türkmenistanyň çempionatynda we Kubok ýaryşynda üstünlikli çykyş etmegi futbol hünärmeni hökmünde bizi diýseň begendirdi. Täze toparyň ilkinji möwsüminde goşa üstünlik gazanmagy, resmi duşuşyklarynyň birinde-de asgyn gelmezligi futbolyň taryhynda seýrek gabat gelýän ýagdaýdyr. Ikinjiden bolsa, bu üstünlik toparyň örän oýlanyşykly düzülendigini görkezýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň halkara maslahatynyň geçirilýän güni gazanan goşa üstünliginiň şanyna hormatly Prezidentimiziň adyndan awtobus sowgat edilen toparyň düzüminde şägirdimiň bolmagy meni has-da begendirýär. Has takygy, toparyň çep gyraky ýarym goragçysy Meýlis Durdyýew türgenleşiklerine mundan birnäçe ýyl ozal biziň mekdebimizde, meniň tälimçiligimde başlady. Ol çagalykdan hem beýleki deň-duşlaryndan ezberligi, başarjaňlygy bilen saýlanýardy. Şeýle bolansoň, Meýlis Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futbol klubyna harby gullugy geçmek üçin çagyryldy. Toparda özüni görkezen şägirdimiz harby gullugyny tamamlandan soň, sport ýoluny Marynyň «Energetik» toparynda dowam etdirdi. Şu ýylyň başynda bolsa täze döredilen «Arkadag» futbol toparynyň tälimçileri Meýlisi düzüme çagyrdylar. Meýlis häzir bu toparyň esasy çep gyraky goragçysy.

Paýtagtda gazanylan üstünlik

Ýakynda mekdebimiziň türgenleriniň 14-si tejribeli tälimçi Baýram Amannyýazowyň ýolbaşçylygynda gandbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşyp, hormatly ikinji orna mynasyp boldy. Ähli duşuşyklary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen ýaryşda welaýatymyzyň topary diňe Aşgabat şäheriniň birinji toparyndan asgyn gelip, beýleki garşydaşlarynyň ählisini ýeňdi. Paýtagtly gandbolçylaryň birinji orny eýelän ýaryşynda üçünji orun Mary welaýatynyň toparyna eýgertdi.

Türkmen milli oýunlary

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li oýun­la­ryň ga­dy­my däp­le­ri yl­my taý­dan öw­re­nil­ýär. Türk­men mil­li oýun­la­ry­nyň ga­dy­my kök­le­ri­niň esa­syn­da eme­le ge­len hä­zir­ki döw­re­bap oýun­lar ýaş ne­sil­le­riň sag­dyn ke­ma­la gel­me­gin­de özü­niň oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär.

Guwandyryjy jemler bilen

Tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ösüş-özgertmelere, üstünliklere diýseň baý boldy. Şu mynasybetli biz bütin ýylyň dowamynda okuwçylaryň arasynda açyk sapaklary, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini hem-de sport ýaryşlaryny giň gerimde geçirdik. Okuwçylaryň gyşky dynç alşynyň öň ýanynda hem «Sport bedeniňi taplaýar» diýen at bilen sport ýaryşyny geçirdik. Sportuň woleýbol hem-de beýleki görnüşleri boýunça 10-njy, 11-nji synplarda okaýan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlara okuwçylarymyz höwes bilen tomaşa etdiler. Ýaryşlaryň guramaçylykly geçirilmeginde bedenterbiýe mugallymlarymyzyň uly paýy bar. Bäsleşige gatnaşyp, aýratyn tapawutlanan ýaşlara kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan baýraklar gowşuryldy.

Gadymyýet we sport

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ga­dy­my­ýe­tiň ägirt­le­ri — Sok­ra­tyň, Gip­pok­ra­tyň, De­mok­ri­tiň,De­mos­fe­niň at­la­ry tu­tul­sa gür­rüň ylym ba­ra­da bo­laý­ma­ly­dy­gy­na öw­re­ni­şip­di­ris. Ýö­ne biz olar hak­da gür­rü­ňi­mi­zi spor­ta sy­ryk­dyr­mak­çy.

Türkmenistan — sport ýurdy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Hormatly Prezidentimiziň ta­gal­la­la­ry bi­len türk­me­nis­tan­ly tür­gen­le­riň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gör­ke­zip, dün­ýä­niň sport gi­ňiş­li­gin­de ata Wa­ta­ny­my­za my­na­syp we­kil­çi­lik et­me­gi üçin äh­li ze­rur çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de türk­men tür­gen­le­ri ýur­du­myz­da hem-de da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar, baý­rak­ly orun­la­ra we me­dal­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar. Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tä­lim­çi­ler hem da­şa­ry ýurt­ly kär­deş­le­ri bi­len tej­ri­be alyş­mak ar­ka­ly ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny we hü­när de­re­je­le­ri­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ýar­lar.

Küşt oýnunyň ähmiýeti

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşyň ähli ulgamlarynda heniz görlüp-eşidilmedik ösüşler gazanylyp, belent derejelere ýetilýär. Döwlet Baştutanymyz halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn ösmegi, ruhubelent hem gujurly bolmaklary üçin mekdeplerimizde bedenterbiýe dersiniň girizilmegi we şol ugurdan ylmy-barlag işleriň geçirilmegi bu meseläniň wajyplygyna şaýatlyk edýär.

Türk­menistanly pa­ra­lim­pi­ýa­çy­la­r: üs­tün­lik­ler we öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­myz­da, her bir ul­gam­da bol­şy ýa­ly, mil­li sport ul­ga­my­myz­da hem uly üs­tün­lik­le­re, buý­san­dy­ry­jy ne­ti­je­le­re ýe­til­di. Mu­ňa ge­çen no­ýabr aýyn­da paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Sport we türkmen ýaşlary

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Sport diýlende, ilki bilen, güýç-kuwwat, hereket, hyjuw göz öňüňe gelýär. Olar bolsa adamyň ýaşlyk döwrüne mahsus alamatlar. Diýmek, sport gönüden-göni ýaşlyk we bu möwsümiň wekilleri bolan ýaşlar bilen baglanyşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary sport bilen dünýä tanalýarlar, sporty wagyz edýärler, Türkmenistanyň sport abraýyny has-da belende galdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar, bu ugurda ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýärler, sport ýaryşlaryny, oýunlaryny teswirleýärler.

Bedenterbiýe we sport — dostluk köprüsi

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dost­lu­gyň me­ka­ny­na öw­rü­len Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni yzy­gi­der­li wa­gyz et­mek hem-de ýaş­la­ry sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den ug­ruk­dyr­mak, be­den we ru­hy taý­dan kä­mil nes­li ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­möç­ber­dir. Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hoş­ni­ýet­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny sport ar­ka­ly ös­dür­mek yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­my­zyň esa­sy­ny düz­ýär.

Elektron sport

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Elektron sport geljegiň sportudyr. geljek bolsa şu günden başlanýar

Türkmen sporty

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Hä­zir­ki wagt­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek, jem­gy­ýet­de, aý­ra­tyn hem, ýaş ne­sil­le­riň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, be­den taý­dan berk, sag­dyn, ru­hu­be­lent ýaş nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek ba­ra­da giň ge­rim­li iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat hem-de Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de, äh­li we­la­ýat, et­rap mer­kez­le­rin­de sport-be­den­ter­bi­ýe top­lum­la­ry­ny gur­mak iş­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de ýo­la go­ýul­dy. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň döw­let­li iş­le­ri­ni do­wam ed­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­myz­da sag­dyn ýa­şa­ýyş dur­muş ýö­rel­ge­si öňe sü­rül­ýär.