Milli oýunlar – gadymy mirasymyz

29 Dekabr 2023
506

Çagalyk ýyllarymyzyň aýrylmaz bölegi bolan milli oýunlar halkymyzyň gadymy mirasydyr, toý-baýramlarymyzyň bezegidir. Heňňamlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten gymmatly miras häzirki döwürde aýratyn öwüşgine, ýaş nesliň arasynda uly gyzyklanma eýedir. Muňa bilim ojaklarynda yzygiderli geçirilip gelinýän milli oýunlar boýunça bäsleşiklerdir beýleki çäreleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Ýakynda «Olimp» orta sport mekdebinde guralan bäsleşikde okuwçy türgenler çalasynlyk, ezberlik, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetleri ösdürýän milli oýunlar boýunça bäsleşdiler. «Alma ýygdy», «Aýterek-günterek», «Ýaglyga towusmak» ýaly oýunlarda deň-duşlary bilen ukyp-başarnygyny synap görmek ýaş türgenlerde uly täsir galdyrdy.

Güljahan AMANOWA,
«Olimp» orta sport mekdebiniň taryh mugallymy.