"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Taryhda şu gün

1994-nji ýylyň 17-nji iýulynda 15-nji gezek geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynda Braziliýanyň hem-de Italiýanyň milli ýygyndylary duşuşdylar. ABŞ-nyň futbol meýdanlarynda geçirilen dünýä birinjiliginiň aýgytlaýjy duşuşygyna barýan ýolda Italiýanyň ýygyndysy toparçalaýyn bäsleşikde Irlandiýadan 1:0 hasabynda ýeňleninden soň, galan iki duşuşygynda (Italiýa-Norwegiýa – 1:0, Italiýa-Meksika – 1:1) dört utuk toplap, ýaryşy 1/8 finaldan dowam etdiripdi. Şondan soň goşmaça wagtda Nigeriýadan 2:1, çärýek finaldyr ýarym finalda bolsa Ispaniýadyr Bolgariýadan esasy wagtda 2:1 hasabynda üstün çykmagy başarypdy. Braziliýanyň ýygyndysy bolsa diňe bir duşuşygyny deňlikde tamamlap, galan oýunlarynda ýeňiş (Braziliýa-Russiýa – 2:0, Braziliýa – Kamerun – 3:0, Braziliýa – Şwesiýa – 1:1, Braziliýa-ABŞ – 1:0, Braziliýa-Niderlandlar – 3:2, Braziliýa-Şwesiýa – 1:0) gazanypdy.

Welaýatlardan habarlar

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, sporta hem uly üns berilýär. Etrek etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümine degişli sport mekdeplerinde ýaşlaryň futbol, woleýbol, ýeňil atletika, milli göreş we beýleki görnüşler bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikler döredilendir. Sport mekdeplerinde zähmet çekýän tälimçi-mugallymlar ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn durmuş ýörelgelerini berk berjaý edýän, öz saýlap alan sport görnüşleri boýunça tejribeli türgenler bolup ýetişmekleri üçin yhlas-başarnyklaryny gaýgyranoklar. Türkmen sportuny dünýä ýüzünde tanatmakda diýseň beýik işleri amal edýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir.

Güneşli Diýardan Günüň dogýan ýurduna

Türkmenistanly türgenler tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan Olimpiýa oýunlary 1896-njy ýyldan bäri häzirki görnüşinde geçirilip gelinýär. Bu Oýunlar bütin adamzady jebisleşdirýän sportuň we dostlugyň baýramçylygydyr. Dünýäde saglyk bilen baglanyşykly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar bizi ajaýyp sport baýramçylygyna — XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna bir ýyl artyk garaşmaga mejbur etdi. Sanlyja günden dünýäniň 200-den gowrak döwletinden 12,5 müňe golaý türgeni bir ýere jemlejek Olimpiýa oýunlarynyň bäsleşikleri 23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçiriler.

20-nji «Uly tuwulgasy»

Möw­sü­miň 3-nji «Uly tu­wul­ga» ten­nis ýa­ry­şy «Wimb­le­don­da» er­kek­le­riň ara­syn­da ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç, ze­nan­lar­dan awst­ra­li­ýa­ly Eş­li Bar­ti ýe­ňi­ji bol­dy. Ge­çen ýyl ge­çi­ril­me­dik bäs­le­şi­giň er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­na­lyn­da Jo­ko­wiç ita­li­ýa­ly Mat­teo Ber­ret­ti­ni bi­len du­şuş­dy. Sa­na­wyň 7-nji bel­gi­li ten­nis­çi­si Ber­ret­ti­ni il­kin­ji «Uly tu­wul­ga» fi­na­lyn­da oý­nap, ol bi­rin­ji set­de taý-bre­giň ne­ti­je­sin­de 7:6 öňe saý­lan­dy. Ýö­ne on­dan soň­ky set­ler­de sa­na­wyň bi­rin­ji bel­gi­li­si Jo­ko­wiç er­jel­li­gi el­den ber­män ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 2-nji we 3-nji set­ler­de 6:4 ýe­ňiş ga­za­nan ser­bi­ýa­ly ten­nis­çi 3-nji set­de-de 6:3 üs­tün çyk­dy. Şeý­le­lik­de, 3 sa­gat 24 mi­nut­lap do­wam eden fi­nal­da 3:1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan 34 ýa­şyn­da­ky No­wak Jo­ko­wiç «Wimb­le­don­da» yz­ly-yzy­na 3-nji, umu­my­lyk­da 6-njy ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. 20-nji «Uly tu­wul­ga» çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan Jo­ko­wiç, bu ugur­da şweý­sa­ri­ýa­ly Ro­jer Fe­de­re­riň hem-de is­pa­ni­ýa­ly Ra­fa­el Na­da­lyň re­kor­dy­na şä­rik bol­dy. Şeý­le-de, 1,7 mil­li­on funt ster­ling pul baý­ra­gy­ny hem ga­za­nan Jo­ko­wiç kar­ýe­ra­syn­da­ky 85-nji ku­bo­gy­ny eýe­le­di.

Mes­si ar­zu­wy­na ýet­di

Gü­nor­ta Ame­ri­ka yk­ly­my­nyň fut­bol çem­pio­na­ty Ko­pa Ame­ri­ka­da Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on bol­dy. Bra­zi­li­ýa­nyň Rio de Ža­neý­ro şä­he­rin­dä­ki meş­hur «Ma­ra­ka­na» sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da Ar­gen­ti­na bi­len Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry du­şuş­dy­lar. Dart­gyn­ly ge­çen oýun­da Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy 1-0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Tan­go­çy­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk go­ly Rod­ri­go De Pau­lyň pa­syn­dan soň, An­hel Di Ma­ri­ýa der­we­ze­çi­niň üs­tün­den der­we­zä gö­nük­dir­di. Şeý­le­lik­de, Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy 28 ýyl­dan soň, Ko­pa Ame­ri­ka­da çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Bu ola­ryň 15-nji çem­pi­on­ly­gy bo­lup (1921, 1925, 1927, 1929, 1937, 1941, 1945, 1946, 1947, 1955, 1957, 1959, 1991, 1993, 2021) tan­go­çy­lar Urug­wa­ýyň re­kor­dy­na şä­rik bol­du­lar. To­pa­ryň ka­pi­ta­ny hem ýyl­dy­zy Lio­nel Mes­si mil­li ýy­gyn­dy­da­ky il­kin­ji ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Ol çem­pio­na­tyň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy hem-de iň ne­ti­je­li fut­bol­çy­sy baý­rak­la­ry­na la­ýyk gö­rül­di. Mes­si çem­pio­nat­da 4 gol ge­çi­rip, 5 go­luň pa­sy­ny ber­di. Öz meý­dan­ça­syn­da as­gyn ge­len Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 12-nji ge­zek kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy.

Go­şa üs­tün­lik gazananlar

Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň «çel­si­li» fut­bol­çy­la­ry – Žor­ži­nio bi­len Emer­son Pal­me­ri­niň to­par­daş­la­ryn­dan iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy olar bu çem­pi­on­lyk­dan 1,5 aý tö­we­re­gi öň Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ku­bo­gy­ny hem ga­za­nyp­dy­lar. Şeý­le­lik­de, olar bir möw­süm­de Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň hem-de Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň ýe­ňi­ji­le­ri bol­dy. Olar şeý­le ba­şar­nyk gör­ke­zen 10-11-nji fut­bol­çy­lar hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Bu iki as­ly bra­zil bo­lan fut­bol­çy­lar­dan öň 1964-nji ýyl­da is­pa­ni­ýa­ly Lu­is Sua­res («In­ter»), 1988-nji ýyl­da gol­lan­di­ýa­ly Hans wan Breu­ke­len, Ro­nald Ku­man, Ber­ri wan Aer­le, Je­rald Wa­nen­burg («PSW Eýnd­ho­wen»), 2012-nji ýyl­da is­pa­ni­ýa­ly Fer­nan­do Tor­res bi­len Hu­an Ma­ta («Çel­si»), 2016-njy ýyl­da-da por­tu­ga­li­ýa­ly Kris­tia­no Ro­nal­do bi­len Pe­pe («Re­al Mad­rid») iki ar­zy­ly ku­bo­gy eýe­läp­di­ler.

Toparlaryň pul baýraklary

UEFA 16-njy Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­a gat­na­şan to­par­la­ra umu­my­lyk­da 775,5 mil­li­on ýew­ro pul baý­ra­gy­ny ber­di. Iň köp pu­l baý­ra­gy­na çem­pi­on Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy my­na­syp bo­lup, olar 34 mil­li­on ýew­ro pul baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­nyl­dy. Bu şu çem­pio­nat­da bir to­pa­ryň alyp bil­jek iň ýo­ka­ry muk­dar­da­ky pul sy­la­gy­dyr. Fi­nal­çy iň­lis­le­re 30,25 mil­li­on ýew­ro, ýa­rym fi­nal­çy­lar Is­pa­ni­ýa 22,5 mil­li­on ýew­ro hem-de Da­ni­ýa 21 mil­li­on ýew­ro be­ril­di. Gat­na­şan her to­pa­ra 9,25 mil­li­on ýew­ro ber­lip, onuň muk­da­ry to­par­ça­lar­da ga­za­ny­lan her ýe­ňiş 1,5 mil­li­on (deň­lik üçin 750 müň ýew­ro) art­ýar. Şeý­le-de, her tap­gy­ra çy­ky­lan­da-da ozal bel­le­nen muk­dar­da to­par­la­ryň kas­sa­sy­na gir­ýän pul muk­da­ry art­dy­ryl­ýar. Şo­ňa gö­rä, ýe­ke ge­zek hem ýe­ňiş ga­za­nyp gör­me­dik iki ýy­gyn­dy Tür­ki­ýe bi­len De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa iň az pul muk­da­ry, gat­na­şan her to­pa­ra be­ril­ýän baş­lan­gyç muk­da­ry – 9,25 mil­li­on ýew­ro bi­len sy­lag­la­nyl­dy.

Iň köp gol­ly çem­pio­nat

Bir aý­lap do­wam eden çem­pio­nat­da 51 du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Şol 51 oýun­da 142 gol der­we­zä gi­ri­zil­di. Bu bol­sa iň köp go­luň ge­çi­ri­len Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty diý­mek­dir. Mun­dan öň­ki iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji 2016-njy ýyl­da­ky çem­pio­nat­da 51 oýun­da 108 gol ge­çi­ri­lip­di. Ge­çi­ri­len 142 go­luň 11-si aw­to­gol bo­lup, ga­lan 131 go­ly 80 fut­bol­çy der­we­zä gi­riz­di. 50 fut­bol­çy 1 gol­dan, 30 fut­bol­çy-da 1-den köp gol ge­çir­di. Het-trik eden fut­bol­çy bol­man, je­mi 12 fut­bol­çy 14 ge­zek (Ben­ze­ma bi­len Ro­nal­do 2 ge­zek 2 gol­dan ge­çir­di) bir oýun­da 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Emin­ler 17 ge­zek 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy­ny bel­le­di­ler we şo­la­ryň 9-sy dürs ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di (52,94 %).

Bäsleşigiň iň ökde ýaş fut­bol­çy­sy

Is­pa­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň ýa­rym­go­rag­çy­sy Ped­ri Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň iň ök­de ýaş fut­bol­çy­sy diý­lip saý­lan­dy. 18 ýa­şly fut­bol­çy çem­pio­na­tyň do­wa­myn­da 629 mi­nut­lap çy­kyş et­di. Onuň şol oýun­lar­da ge­çen ara­ly­gy 76,1 ki­lo­met­re deň­dir. Ol şol ara­ly­gyň 38,23 ki­lo­met­ri­ni top bi­len geç­di. Onuň be­ren pas­la­ry­nyň 92,3 gö­te­ri­mi bar­ma­ly ýe­ri­ne ta­kyk bar­dy. Mun­dan öň­ki çem­pio­nat­da por­tu­ga­li­ýa­ly Re­na­to San­çes iň ök­de ýaş fut­bol­çy diý­lip saý­la­nyp­dy.

EURO 2020-niň sim­wo­lik ýy­gyn­dy­sy

UEFA Ita­li­ýa­nyň çem­pi­on­ly­gy bi­len ta­mam­la­nan 16-njy Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň sim­wo­lik ýy­gyn­dy­sy­ny saýlady. UEFA-nyň ýö­ri­te teh­ni­ki syn­çy­lar to­pa­ry­nyň saý­lan ýy­gyn­dy­syn­da çem­pi­on Ita­li­ýa­dan 5, wi­se-çem­pi­on Ang­li­ýa­dan 3, Da­ni­ýa­dyr Is­pa­ni­ýa­dan hem-de Bel­gi­ýa­dan 1 fut­bol­çy bar. DER­WE­ZE­ÇI: Jan­lui­ji Don­na­rum­ma (Ita­li­ýa)

Ýaryşyň iň ök­de oýun­çy­sy – Don­na­rum­ma

Ita­li­ýa­nyň çem­pi­on­ly­gy bi­len ta­mam­la­nan 16-njy Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da bäs­le­şi­giň iň ök­de oýun­çy­sy diý­lip, çem­pi­on to­pa­ryň der­we­ze­çi­si Jan­lui­ji Don­na­rum­ma saý­lan­dy. UEFA-nyň teh­ni­ki syn­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan saý­la­nan Don­na­rum­ma çem­pio­nat­da 7 du­şu­şyk­da je­mi 719 mi­nut­lap der­we­zäni gorady. Ol 4 gol ge­çir­dip, 3 oýun­da-da der­we­ze­si­ni gol­dan go­ra­ma­gy ba­şar­dy. Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň der­we­ze­si­ni go­rap baş­la­ny bä­ri hiç bir oýun­da 2 gol ge­çirt­me­dik Don­na­rum­ma Awst­ri­ýa bi­len bo­lan du­şu­şy­ga çen­li 1000 mi­nut­lap gol ge­çirt­män gel­ýär­di. Ol ýa­rym fi­nal­da we fi­nal­da 11 metrlik ur­gu­la­ry­ny sak­la­mak­da us­sat­lyk gör­ke­zip, to­pa­ry­nyň çem­pi­on­ly­gy­na ynam­ly go­şant goş­dy. 22 ýa­şyn­da­ky Don­na­rum­ma Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da iň ök­de oýun­çy saý­la­nan ikin­ji der­we­ze­çi bo­lup, on­dan öň 1992-nji ýyl­da da­ni­ýa­ly Pe­ter Şmeý­hel bu hor­ma­ta la­ýyk gör­lüp­di.

Fi­nal ba­ra­da san­lar, ha­sa­bat­lar, mag­lu­mat­lar

* Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da iki çem­pi­on­lyk ga­za­nan 4-nji to­par bo­lup, on­dan öň­de Ger­ma­ni­ýa­dyr (3) Is­pa­ni­ýa­nyň (3) hem-de Fran­si­ýa­nyň (2) ýy­gyn­dy­la­ry bar. * Ita­li­ýa uly ýa­ryş­lar­da 10-njy ge­zek fi­nal­da oý­nap, 6-njy sa­par çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy.

Fut­bol öýü­ni däl-de, Ri­mi saý­la­dy

Iýun aýy­nyň 11-ine Rim­de baş­lan 16-njy Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty 11-nji iýul­da rim­li­le­riň Lon­don­da­ky ýeň­şi bi­len ta­mam­lan­dy. Ang­li­ýa­nyň paý­tag­tyn­da­ky «Wemb­ley» sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy pe­nal­ti­le­riň ne­ti­je­sin­de ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ýa­gyş­ly ho­wa­da baş­lan oýun­da Ni­der­land­lar­dan Býorn Kui­pers jür­le­wük çal­dy. Oý­na 67173 jan­kö­ýer to­ma­şa et­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da eý­ýäm 2-nji mi­nut­da Luk Şow iň­lis­le­ri öňe saý­la­dy. Bu gol Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ry­nyň fi­na­lyn­da der­we­zä ur­lan iň çalt gol hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy (1 mi­nut 56 se­kunt). Bu gol­dan soň oý­nuň jy­la­wy­ny ele alan ital­ýan­la­ra ha­sa­by deň­le­mek 1-nji ýa­rym­da ba­şart­ma­dy. 2-nji ýa­rym­da hü­jü­miň dep­gi­ni­ni has-da güýç­len­di­ren Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 67-nji mi­nut­da burç­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len ur­gu­dan soň ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. Bu go­ly to­pa­ryň tej­ri­be­li go­rag­çy­sy Leo­nar­do Bo­nuç­çi der­we­zä gi­riz­di. Gol­dan so­ňam ital­ýan­lar oý­nuň jylawyny özün­de sak­la­dy­lar. Ne­ti­je­de, amat­ly pur­sat­lar dö­re­dil­se-de, oý­nuň esa­sy wag­ty 1–1 deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Goş­ma­ça wagt­da-da üýt­gän zat bol­ma­dy we ýe­ňi­ji­ni 11 metr­lik ur­gu­la­ry kes­git­le­me­li bol­dy. Bu ur­gu­lar­da ital­ýan­lar­dan 3 fut­bol­çy – Be­rar­di, Bo­nuç­çi, Ber­nar­des­ki ta­kyk ur

Halkara sport bäsleşikleriniň mekany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň we dostlugyň mekanyna öwrülen Watanymyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden ugrukdyrmak, beden we ruhy taýdan kämil çagalary ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Gözel paýtagtymyzda dünýäni haýran edýän sport desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi buýsanjymyza buýsanç goşýar. Aşgabatda ähli amatlyklary bolan dürli sport desgalarynyň 40-a golaýyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi paýtagtymyzyň bezegine we onuň ýaşaýjylarynyň guwanjyna öwrüldi.

Ýewropanyň çempiony

Futbol boýunça yklymyň 11 şäherinde geçirilen 16-njy Ýewropa çempionaty Italiýanyň ýygyndysynyň çempionlygy bilen tamamlandy. Italiýanyň ýygyndysy Londondaky «Wembley» stadionynda oýnalan finalda ýer eýeleri Angliýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Niderlandlardan Býorn Kuipersiň eminlik eden oýnunda ilkinji bolup hasaby iňlis futbolçylary açdy. Eýýäm 2-nji minutda Kiran Trippieriň pasyndan soň, çep gyraky goragçy Luk Şow pökgini derwezä girizdi. Bu goldan soň oýunda italýanlar pökgini özünde köp saklasalar hem olara birinji ýarymda hasaby deňlemek başartdy. Ikinji ýarymda ýene-de italýan futbolçylary erjel oýun görkezdi. Yzly-yzyna hüjüm gurnan gök eşikliler 67-nji minutda hasaby deňlemegi başardylar. Italýanlara deňlik getiren pökgini toparyň tejribeli goragçysy Leonardo Bonuççi derwezä girizdi. Şondan soň toparlara hasaby üýtgetmek başartmady. Şeýlelikde, Ýewropa çempionatynda ýeňiji 1976-njy ýyldan soň, ikinji gezek penalti urgulary esasynda kesgitlenmeli boldy. Bu urgularda iňlislere garanyňda az säwlik goýberen italýanlar 3:2 hasabynda öňe saýlanyp ýeňiş gazandy. Italýanlaryň adyndan penaltileri Berardi, Bonuççi, Bernardeski dürs, Belotti bilenem Žoržinio nätakyk urdy. Iňlis futbolçylaryndan Keýn bilen Maguaýryň urgusy dürs boldy. Reşfordyň urgusy sütüne degse, Sanço bilen Sakanyň urgularyny derwezeçi Janluiji Donnarumma saklamagy başardy. Şunlukda, Italiýanyň milli ýygyndysy

Asmana göterilen kuboklar

Tennis boýunça ýylyň 3-nji «Uly tuwulga» bäsleşigi «Wimbledon» ýaryşy tamamlandy. Erkekleriň arasynda serbiýaly Nowak Jokowiç çempion bolup, ol finalda italiýaly Matteo Berrettinini 6:7, 6:4, 6:4 we 6:3 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda, Jokowiç «Wimbledon» tennis ýaryşyndaky 6-njy çempionlygyny gazandy. Onuň «Uly tuwulga» kuboklarynyň sany 20-ä ýetip, ol bu ugurda şweýsariýaly Rojer Federer hem-de ispaniýaly Rafael Nadalyň rekordyna şärik boldy. 34 ýaşyndaky Jokowiç ATP-niň bäsleşiklerinde 85-nji kubogyny eýeledi. Zenanlaryň arasynda sanawyň birinji belgilisi, awstraliýaly Eşli Barti ýeňiş gazanyp, ol finalda çehiýaly Karolina Plişkowadan 6:3, 6:7 we 6:3 hasaplar bilen üstün çykdy. «Wimbledondaky» ilkinji çempionlygyny gazanan Barti «Rolan Garrosdan» soň 2-nji gezek «Uly tuwulga» kubogyny asmana göterýär. Bu onuň WTA-nyň ýaryşlaryndaky 11-nji çempionlygydyr.

NHL-de ýeňijiler üýtgemedi

Hokkeý boýunça Amerikanyň milli ligasy NHL-de çempion belli boldy. Final duşuşyklarynda öňe saýlanan «Tampa Beý Laýtning» topary yzly-yzyna 2-nji çempionlygyny gazandy. Florida ştatynyň wekili final oýunlarynda «Monreal Kanadiens» topary bilen duşuşdy. 1 we 2-nji duşuşyklar Monreal şäherinde oýnaldy. Bu iki duşuşykda-da myhmançylykda «Tampa Beý Laýtning» topary degişlilikde, 5:1 we 3:1 hasaplar bilen üstün çykdy. 9 pökginiň geçirilen 3-nji duşuşygynda «Tampa Beý Laýtning» öz meýdançasynda 6:3 hasabynda ýeňiş gazanyp, umumy hasaby 3:0-a ýetirdi we ýeňşe golaýlady. Ýöne çekeleşikli geçen 4-nji duşuşykda garaşylmadyk hasap ýüze çykdy. Bu oýunda monreallylar erjellik görkezip, goşmaça wagtda 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Umumy hasap 3:1 bolany üçin ýene bir duşuşyk oýnalmaly boldy. Bu oýun bolsa, Monreal şäherinde geçirildi. Dartgynly we çekeleşikli geçen oýunda floridalylar 1:0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. «Tampa Beý Laýtning» toparyna çempionlyk gazandyran şaýbany Ross Kolton derwezä girizdi. Şeýlelikde, 4:1 hasabynda öňe saýlanan «Tampa Beý Laýtning» topary bassyr 2-nji, umumylykda-da 3-nji gezek (2004, 2020, 2021) NHL-iň çempiony hökmünde Stenli Kubogyna mynasyp boldy.

Ussatlar öňe saýlandy

«Formula E» boýunça dünýä çempionatynyň möwsümdäki 10-njy we 11-nji bäsleşikleri ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirildi. Olaryň birinjisinde «Andretti-BMW» toparynyň germaniýaly sürüjisi Maksmillian Gunter ýeňiş gazandy. Ol 38 aýlawy 46 minut 24,747 sekuntda geçmegi başardy. Bu onuň şu möwsümdäki ilkinji ýeňşidir. Ýaryşda «Techeetah-DS» toparynyň fransuz sürüjisi Žan-Erik Wern 2-nji, «Audi» toparynyň braziliýaly sürüjisi Lukas di Grassi 3-nji ýeri eýeledi. Möwsümiň 11-nji ýaryşynda «Jaguar» toparynyň britaniýaly piloty Sem Börd ýeňiji boldy. Ol 85,840 kilometr aralygy (38 aýlaw) 46 minut 15,909 sekuntda tamamlap, şu möwsümdäki ikinji ýeňşini gazandy. Ol «Virgin-Audi» toparynyň awstraliýaly sürüjisi Nik Kassididen 4,167 sekunt hem-de «Techeetah-DS toparynyň portugaliýaly sürüjisi Antonio Feliks da Kostadan 4,840 sekunt öň pellehana gelmegi başardy.

Maksat — Olimpiýa medaly

Dünýäniň iň iri sport baýramçylygyna — Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna barmak büküp sanaýmaly gün galdy. 23-nji iýuldan 8-nji awgusta çenli dowam etjek oýunlar, her gezek bolşy ýaly, tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeker. Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak ykbalyny sporta baglan her bir adamyň iň uly arzuwydyr. Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti hem taryhda 32-nji gezek geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýygyndymyzy kesgitledi. Şu ýyl Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek oýunlara şu ildeşlerimiz gatnaşar:

AFK-nyň kubogynyň toparçadaky ýaryşy

«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň  «7/24.tm» hepdelik elektron goşundysy tarapyndan sebitimiziň mysaly ýygyndysy düzüldi «7/24.tm», №28 (59), 12.07.2021.