Ýewropanyň çempiony

14 Iýul 2021
1017

Futbol boýunça yklymyň 11 şäherinde geçirilen 16-njy Ýewropa çempionaty Italiýanyň ýygyndysynyň çempionlygy bilen tamamlandy. Italiýanyň ýygyndysy Londondaky «Wembley» stadionynda oýnalan finalda ýer eýeleri Angliýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Niderlandlardan Býorn Kuipersiň eminlik eden oýnunda ilkinji bolup hasaby iňlis futbolçylary açdy. Eýýäm 2-nji minutda Kiran Trippieriň pasyndan soň, çep gyraky goragçy Luk Şow pökgini derwezä girizdi. Bu goldan soň oýunda italýanlar pökgini özünde köp saklasalar hem olara birinji ýarymda hasaby deňlemek başartdy. Ikinji ýarymda ýene-de italýan futbolçylary erjel oýun görkezdi. Yzly-yzyna hüjüm gurnan gök eşikliler 67-nji minutda hasaby deňlemegi başardylar. Italýanlara deňlik getiren pökgini toparyň tejribeli goragçysy Leonardo Bonuççi derwezä girizdi. Şondan soň toparlara hasaby üýtgetmek başartmady. Şeýlelikde, Ýewropa çempionatynda ýeňiji 1976-njy ýyldan soň, ikinji gezek penalti urgulary esasynda kesgitlenmeli boldy. Bu urgularda iňlislere garanyňda az säwlik goýberen italýanlar 3:2 hasabynda öňe saýlanyp ýeňiş gazandy. Italýanlaryň adyndan penaltileri Berardi, Bonuççi, Bernardeski dürs, Belotti bilenem Žoržinio nätakyk urdy. Iňlis futbolçylaryndan Keýn bilen Maguaýryň urgusy dürs boldy. Reşfordyň urgusy sütüne degse, Sanço bilen Sakanyň urgularyny derwezeçi Janluiji Donnarumma saklamagy başardy. Şunlukda, Italiýanyň milli ýygyndysy 1968-nji ýyldan, ýagny 53 ýyldan soň yklym ýaryşynda ikinji gezek çempion diýen ady eýeledi. Italiýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynda 2 gezek çempion bolan 4-nji ýygyndy bolup, ondan öň Germaniýanyň, Ispaniýanyň hem-de Fransiýanyň ýygyndylary 3 we 2 sapar kubogy eýeläpdiler.

Yklym ýaryşynda ilkinji gezek finala çykan Angliýanyň ýygyndysy kümüş medal bilen oňňut etmeli boldy. Futbolyň watany hasaplanýan Angliýanyň ýygyndysy öz janköýerleriniň şaýatlygynda kubogy gazanyp bilmediler. Angliýanyň ýygyndysy Portugaliýadyr Fransiýadan soň Ýewropa çempionatynyň çäginde öz meýdançasynda kubogy aldyran 3-nji ýygyndy hökmünde taryha girdi.